Iň täze habarlar

A.A.Leonow adyndaky Tehnologiki uniwersitetiniň “Wyzow” atly halkara olimpiadasy

14.11.2023 | 14:10
A.A.Leonow adyndaky Tehnologiki uniwersitetiniň “Wyzow” atly halkara olimpiadasy

Aşgabatdaky Rus öýi A.A.Leonow adyndaky Tehnologiki uniwersitetiniň “Wyzow” atly açyk halkara olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.

Olimpiada gatnaşmaga 2024/25 okuw ýylynda A.A.Leonow adyndaky Tehnologiki uniwersitetine magistratura girmek isleýän bakalawr/hünärmen maksatnamalarynyň soňky kurslarda okaýan talyplary çagyrylýar.

Gatnaşyk tölegsizdir.

Olimpiadanyň ugurlarynyň sanawy:
• Amaly informatika;
• Hil gözegçiligi;
• Psihologiýa;
• Menejment.

Olimpiadanyň ýeňijileri A.A.Leonow adyndaky Tehnologiki uniwersitetine magistr maksanamalaryna okuwa kabul edilmäge teklip ediler (kwotanyň çägindäki býujet orny).

Resminamalar 2024-nji ýylyň 1-nji martyna çenli kabul edilýär.

Has giňişleýin maglumat bilen saýtda tanşyp bilersiňiz.

ORIENT news