Ýyldyzlaryň entek ilkinji adamlaryň adyny ýatda saklaýan, şemallaryň bolsa gadymy pygamberleriň syrlaryny saklaýan uzak geçmişinde, ýer ýüzünde Ybraýym atly bir dogry ýoldaky ynsan ýaşapdyr — ol Allanyň saýlan bendesi, imanyň nury we ýagşylygyň nusgasydyr.
Ybraýym ýaşlygyndan asmana seredip, öz-özüne şeýle sowal bererdi:
«Bu ýyldyzlary, aýy we gününi kim ýaratdyka? Ýer ýüzüne we ondaky bar bolan zatlara kim jan berdi?»
Onuň säher çygy ýaly päk ýüregi, öz taýpalarynyň çokunýan butlaryna ynanmagyny kabul edip bilmeýärdi. Ine, bir gezek gije, asman gara mahmalyň üstündäki gymmatbahaly daşlar ýaly ýyldyzlardan doly wagty, Ybraýymyň çadyryndan çykyp, öz-özüne şeýle diýendigi gürrüň berilýär:
«Eger çokunmaga mynasyp Hemme zada güýji ýetýän Biribar bar bolsa, onda Ol — ähli barlygy Ýaradandyr. Ýyldyzlar säher bilen sönýär, aý kiçelýär, gün bolsa ýaşýar — diýmek, olar hudaý bolup bilmezler. Diňe Ýeke-täk, Baky we Hemme zada güýji ýetýän Biribar bardyr».
Ol adamlaryň arasynda şeýle diýip, wagyz edip başlady:
«Eý, adamlar! Bir Hudaýa, asmany we ýeri Ýaradana ybadat ediň! Sizi eşitmeýän we görmeýän butlary Oňa şärik etmäň!»
Onuň sözleri çöldäki çeşme kimindi – olar käbirleri üçin jan beriji suw, käbirleri üçin bolsa büdredýän daş boldy. Emma Ybraýym, dag ýaly durnuklylyk bilen, hakykatyň nuryny ýaýratmagyny dowam etdirdi. Ol Allatagalanyň – Özüne päk ýürek bilen ýüzlenýän her bir bendesiniň doga-dilegini eşidýän Beýik Perwerdigärdigine düşünýärdi.
...Soňra ykbal Ybraýyma tutuş halklaryň ykbalyny kesgitlän uly ak pata peşgeş berdi. Alla oňa iki aýal bagyşlady we olaryň her birinden uly halklaryň nesilbaşysy bolan ogullar dünýä indi.
Birinji aýaly Hajardan ýumşak häsiýetli we dindar ýigit bolan Ysmaýyl dünýä indi. Ol ady yslam taryhyna ebedilik ýazylan araplaryň atasy boldy. Ikinji aýaly Saradan bolsa dana we adalatly Yshak dünýä indi. Ol köp sanly pygamberleriň neslinden kemala gelen ýehudi halkynyň nesilbaşysy boldy.
Şeýlelikde, iki sany beýik halk, edil bir guşuň iki ganaty ýaly, ýeke-täk kökden — Ybraýymyň asylly daragtyndan dünýä indi. Garyndaşlyk ýollary aýrylyşsa-da, olaryň damarlarynda bir gan akýar, ýüreklerinde bolsa doganlyk hakydasy ýaşamaly. Çünki Alla — hemmeler üçin birdir! Ol — hakykaty gözleýänleriň her biri üçin ýeke-täkdir.
…Emma dogry ýoldakylaryň synaglary hiç wagt gutarmaýar we Ybraýyma iň uly synag entek öňdedi. Bir gije, aý kümüş tabak ýaly tegelek wagty, ýyldyzlar bolsa perişdeleriň elindäki şemler deý lowurdaşyp durka, Ybraýym Beýik Perwerdigäriň sesini eşitdi:
«Eý, Ybraýym! Imanyňyň berkligini görkezmek üçin, söýgüli ogluňy gurban et!»
Ybraýymyň ýüregi hanjar urulan ýaly gysyldy. Ol Ysmaýyly dünýädäki ähli zatdan beter söýýärdi, emma bilýärdi: Allanyň islegi her bir zatdan belentdir we Allatagalanyň buýrugy dogry ýoldaky guly üçin kanundyr.
Ertesi gün irden, ýüzi aý nury deý agaran, emma ruhy almaz ýaly berk bolan Ybraýym ogluna şeýle diýdi:
«Eý, oglum! Men düýşümde seni gurban etmelidigimi gördüm. Sen bu barada näme diýersiň?»
Ýumşak häsiýetli we sabyrly bolan Ysmaýyl şeýle jogap berdi:
«Eý, atam! Saňa Alla tarapyndan näme buýrulan bolsa, şony hem et».
Olar Mina jülgesine ugradylar, ol ýerde Ybraýym gurbanlyk üçin ähli zady taýýarlady. Atasynyň eli titreýärdi, emma oglunyň ýüregi titremedi. Pyçak eýýäm galdyrylan pursady, perişdäniň sesi eşidildi:
«Eý, Ybraýym! Sen synagy berjaý etdiň! Rebbiň bu gurbanlygy goç bilen çalşyrýar!»
Ysmaýylyň deregine gurbanlyk ýerinde ýüňi edil bulutlardan dokalan ýaly buýralanyp duran goç peýda boldy.
Şol wagtdan bäri adamlar gurbanlyk kesip, Gurban baýramyny belleýärler. Emma bu baýram diňe bir gan ýa-da et üçin däl-de, wepalylyk we tabynlyk hakydasy üçin bellenilýär. Bu gün bize synaglardan geçýän imanyň berkligini ýatladýar. Ulumsylykdan has güýçli bolan pespälligi, Beýik Perwerdigäriň islegine boýun egýän söýgini hem-de gurbanlygy goç bilen çalşyran Allatagalanyň rehim-şepagatyny ýatladýar.
Goý, Gurban baýramynyň günlerinde biz onuň hakyky manysyny unutmaýlyň – bu ýerde iýip-içmek we dabaraly meýlisler däl-de, eýsem ýürek päkligi, ruhy jomartlyk hem-de ähli adamlaryň ýeke-täk bir atanyň perzentleridigi, gan dartyşmasa-da, ruhy taýdan dogandygyny ýatda saklamak möhümdir. Çünki Alla birdir. Ol Özüne ak ýürekden doga-dileg bilen ýüzlenýän her bir bendesini eşidýändir.
Beýik Perwerdigär ýagşylyk ýoly bilen barýanlaryň hemmesine ak pata bersin we hakykaty gözleýän ýüreklere parahatlyk peşgeş bersin!

Gurban baýramynyň düýp mazmunyny düzýän bu taryha bütin dünýäde millionlarça adam tarapyndan hormat goýulýar. Emma asyrlaryň dowamynda däp-dessurlaryň diňe daşky görnüşine eýerilmegi sebäpli, bu rowayatyň hakyky, çuňňur manysy köplenç ýüzleý garaýyşlardan sypyp galýardy.
Biziň bu gadymy rowaýaty gaýtadan beýan etmegimiz — ony daşky we ýüzleý düşünjelerden arassalap, onuň hakyky filosofik hem-de ahlak binýadyny açyp görkezmek synanyşygydyr.
Çünki bu taryh gan dökmek ýa-da kör, fanatik boýun egmek barada däldir. Bu örän uly ynsanperwerlik baradaky gürrüňdir — ýagny Perwerdigäriň adam ömrüniň mukaddesligini we eldegirmezligini yglan edip, gadym zamanlardan adamyň gurban edilmegini ebedilik gadagan eden pursady baradaky hekaýatdyr.
Ynamyň käwagt adamlary biri-birinden aýyrýan dünýäsinde, bu rowaýat, tersine, Oňa nähili at bermegimize garamazdan, umumy Hudaý baradaky ýatlatma bolup hyzmat edýär. Bu rowaýat bitewi ahlak wesýetleri baradaky hekaýatdyr.
Emma iň esasy zat — hakyky Perwerdigäre bolan söýgi gurban edilen peşgeşleriň bahasy bilen däl-de, eýsem ýürek päkligi, rehim-şepagatlylyk hem-de parahatçylyk we ýakynlaryň hatyrasyna özüňi gurban etmäge bolan ukybyň bilen ölçenilýär.
Bekdurdy AMANSARYÝEW
