Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Raşid Meredow ABŞ-a amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler we parahatçylygy döredijilik boýunça orunbasary Rozmari DiKarlo bilen duşuşyk geçirdi. Geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen bütindünýä guramasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy giňeltmäge degişli meseleleriň giň toplumyny maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň özüniň hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk derejesine gyşarnyksyz eýermek bilen, öňüni alyş diplomatiýasy ýörelgelerini, islendik jedelleriň parahatçylykly ýol bilen çözülmegini we BMG-niň Tertipnamasyna doly laýyklykda halkara hukugynyň ileri tutulmagyny ilerletmegiň tarapdary bolup yzygiderli çykyş edýändigi aýratyn nygtaldy.
Gepleşikleriň dowamynda diplomatlar sebit howpsuzlygynyň, durnuklylygy saklamagyň we ynanyşmak esasynda kadalaşdyrmagyň netijeli gurallaryny ilerletmegiň möhüm ugurlaryna aýratyn üns berdiler.
Şu nukdaýnazardan, türkmen tarapy Aşgabatdaky BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça Sebit merkeziniň (UNRCCA) köp ýyllaryň dowamyndaky işine ýokary baha berdi we onuň ygtyýarlyklaryny mundan beýläk-de hemmetaraplaýyn goldamaga ygrarlydygyny tassyklady. Söhbetdeşler sebitara hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak we ynanyşmak çärelerini pugtalandyrmak maksady bilen, bu Merkeziň wezipelerini we işiniň esasy ugurlaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Gepleşikleriň aýratyn temasy, durnukly halkara arhitekturasyny kemala getirmek üçin Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan öňe sürülen Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp düzmek baradaky başlangyç boldy.
Mundan başga-da, Rozmari DiKarlo Parahatçylyk we bitaraplyk uniwersitetini döretmek boýunça amaly ädimler bilen jikme-jik tanyşdyryldy. Bu ägirt uly taslamanyň birinji tapgyry Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda Parahatçylyk we bitaraplyk kafedrasynyň döredilmegi boldy. Onuň binýadynda başlangyç tapgyrda ýöriteleşdirilen magistrlik maksatnamasyny ýola goýmak, şeýle hem BMG-niň ýöriteleşdirilen Parahatçylyk uniwersiteti bilen göni hyzmatdaşlygy ösdürmek meýilleşdirilýär.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar iri infrastruktura taslamalary durmuşa geçirmek arkaly durnuklylygy üpjün etmek boýunça bilelikdäki tagallalaryň möhümdigini bellediler we gurluşygy dowam edýän Türkmenistan–Owganystan–Pakistan–Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň sebit parahatçylygynyň hem-de energetika howpsuzlygyň kuwwatly şerti hökmündäki uly ähmiýetini aýratyn nygtadylar.
