Iň täze habarlar

Türkmenistanda futbol çempionatynyň täze möwsümi başlanýar

26.02.2025 | 19:05 |
 Türkmenistanda futbol çempionatynyň täze möwsümi başlanýar

Türkmenistanda futbol çempionaty 4-nji martda başlanýar. Ol sekiz klubyň gatnaşmagynda dört tapgyrda geçer. Olar: “Arkadag”, “Ahal”, “Altyn Asyr”, “Şagadam”, “Nebitçi”, “Aşgabat”, “Merw”, “Köpetdag”.

Çempionatyň ilkinji iki tapgyry 4-nji martdan 22-nji iýuna çenli dowam eder. Çempionatyň üçünji we dödürnji aýlawynyň duşuşyklary möwsümiň ikinji ýarymynda geçiriler.

Geçen möwsüm “Arkadag” FK-nyň çempionlygy bilen tamamlanandygyny bellemeli. Ikinji orny “Ahal”, üçünji orny bolsa paýtagtyň “Altyn Asyr” topary eýeledi.

ORIENT news

Foto: sportishka.com

Şeýle hem okaň: