Hytaý Startaplary Bütindünýä Tehnologiýalarynyň Öňdebaryjylaryna Öwrülýär
25.10.2025 | 12:00 |Hytaý startaplary dünýä tehnologiýa meýdançasynyň öň hatarlaryna çykyp, emeli aň, robototehnika we awtonom tehnologiýalar ýaly ugurlarda täze ölçegleri kesgitleýän kompaniýalary döredýärler. Ýurt maýa goýumlaryny işjeň ýagdaýda wençur gaznalaryna gönükdirýär, inženerleriň we programmistleriň täze neslini taýýarlaýar, şeýle hem iri tehnologik taslamalar üçin zerur bolan infrastrukturany ösdürýär.
CB Insights maglumatlaryna görä, Hytaý tehnologiýa pudagyndaky “unicorn” startaplaryň — ýagny pudaklary üýtgedip bilýän ýokary tehnologiýaly täze kompaniýalaryň — sany boýunça dünýäde ilkinji üçlüge girýär. Olaryň köpüsi günbatar önümlerine deňeşdirip boljak, emma ýerli bazaryň aýratynlyklaryna we hakyky isleglerine uýgunlaşdyrylan çözgütleri döredýärler.

Zhipu AI (Z.ai) — 2019-njy ýylda Pekindäki Sinhua uniwersitetiniň garamagynda döredilen kompaniýa bolup, tekst, ses we şekil bilen işleýän uly dil modellerini we intellektual agentleri ösdürýär. Kompaniýanyň esasy önümi GLM-4 modeli — ol GPT-4 bilen deňeşdirilip bilinýän we hytaý dili üçin optimizirlenen uly dil modelidir. Maýadarlaryň arasynda Alibaba, Tencent we Ant Group ýaly kompaniýalar bar.
Awtonom ulag pudagynda 2016-njy ýylda Stanford uçurymlary we öňki Baidu inženerleri tarapyndan döredilen Pony.ai kompaniýasy tanalýar. Bu startap Hytaýyň we Kaliforniýanyň iri şäherlerinde robot taksileri synagdan geçirýär. Toyota bilen hyzmatdaşlyk kompaniýa halkara derejesinde giňelmäge mümkinçilik berýär.
2016-njy ýylda Pekinde döredilen Mech-Mind Robotics kompaniýasy ammarlary we önümçilik ugurlary awtomatlaşdyrmak üçin kompýuter görüş tehnologiýalaryny ösdürýär. Onuň çözgütlerinden JD.com we Siemens ýaly iri kompaniýalar peýdalanýarlar.

2011-nji ýylda döredilen Megvii (Face++) Hytaýyň kompýuter görüş tehnologiýalarynyň öňdebaryjysydyr. Kompaniýanyň önümleri howpsuzlyk ulgamlarynda, “akylly şäherler” konsepsiýasynda we mobil hyzmatlarda, şeýle hem “Hytaýda öndürilen 2025” maksatnamasynyň çäginde giňden ulanylýar.
Şençžen şäherindäki Kuang-Chi kompaniýasy inženerçilik, telekommunikasiýa, lukmançylyk we kosmos pudaklarynyň çatrygynda işleýär. Ol metamatiriallary, täze nesil aragatnaşyk enjamlaryny, “akylly” eşikleri we sanly saglyk taslamalaryny döredýär, şeýlelikde “düýpli tehnologiýalaryň” ösüşini görkezýär.

Bilermenleriň belleýşi ýaly, häzirki wagtda hytaý startaplary dünýä tehnologiýalarynyň yzysüre ýöremän, eýsem olaryň ösüş depgini kesgitleýän güýje öwrüldi — olar emeli aň, awtonom ulaglar, robototehnika we kosmos ulgamlaryny öz içine alýan giň meýdanda öňe çykýarlar.