Sloweniýanyň Luka Koper porty Hazarüsti geçelgesine birikdiriler
31.03.2025 | 16:10 |Adriatik deňziň kenarynda ýerleşýän Sloweniýanyň Luka Koper porty Hazarüsti halkara ulag geçelgesine (HHUG) birikdirilmegi meýilleşdirýär.
Bu karar Gazagystan bilen Sloweniýanyň arasynda geçirilen gepleşikleriň barşynda maslahatlaşyldy. Onda taraplar ulag we logistika babatda hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan isleglerini beýan etdiler.
Luka Koper portynyň HHUG-a birikdirilmegi Ýewropanyň we Aziýanyň arasyndaky ulag aragatnaşyklary gowulandyrmaga mümkinçilik berip, ýük daşamalar üçin çalt we netijeli ugurlary üpjün eder.
Luka Koper portynyň ösen infrastrukturasy we strategiki ýerleşdirilmesi bar. Bu bolsa ony halkara logistikasynyň möhüm halkasyna öwürýär. Bu hyzmatdaşlygyň ýük daşamalaryň möçberleriniň artdyrylmagyna hem-de iki ýurduň ykdysadyýetleriniň ösdürilmegine ýardam berjegine garaşylýar.
ORIENT news