Honor 8200 mA·s batareýaly täze smartfon taýýarlaýar
23.06.2025 | 16:00 |2025-nji ýylyň aprelinde 8000 mA·s batareýaly Honor Power smartfonyny çykaran Honor kompaniýasy has güýçli batareýa bilen enjam taýýarlamagyň üstünde işleýär. Digital Chat Station-insaýderiniň habaryna görä, täze enjam 8200 mA·s göwrümli akkumulýator bilen üpjün ediler.
Hytaýyň 3C sertifikasiýa guramasynyň maglumatyna görä, 8100 mA·s nominal göwrümli (HB5668A0EIW modeli) batareýa Sunwoda Electronics bilen Honor kompaniýasynyň bilelikde öndürýän litiý-polimer akkumulýatory bolup, onuň nominal energiýasy 30,54 Wt·sagata deňdir. Täze smartfon orta synp enjam hökmünde ornaşdyrylýar, emma onuň ady we çykjak senesi entek mälim edilmedi. Bu enjamyň Honor Power-yň dowam etdirijisi bolmagy ähtimal.
Maglumat üçin, häzirki Honor Power modeli 6,78 dýuýmlyk OLED ekran (1,5K, 120 Hz), Snapdragon 7 Gen 3 prosessor, 66 Wt tiz zarýad beriji, 16 MP öň kamera we 50 MP + 5 MP arka kameralar bilen enjamlaşdyrylandyr. Ol MagicOS 9 we Android 15 operasion ulgamynda işleýär.
Mundan başga-da, Digital Chat Station-nyň habar bermegine görä, taýýarlanylýan eplenilýän Honor Magic V5 smartfony öz synpynyñ rekord derejeli — 6100 mA·s batareýasy bilen çykyp biler. Bu enjamyň galyňlygy bary-ýogy 8,8 mm bolar.
ORIENT