Iň täze habarlar

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi sebitleýin howpsuzlyk meselesi we Owganystanyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar

19.06.2025 | 21:30 |
 Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi sebitleýin howpsuzlyk meselesi we Owganystanyň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar

Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky adam hukuklary boýunça dialogyň 17-nji mejlisiniň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ýewropanyň Daşary syýasat işi gullugynyň Merkezi Aziýa boýunça direktory Paolo Pampaloniniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Owganystandaky ýagdaýyň çäginde sebitleýin howpsuzlyk meseleleri üns merkezinde boldy. Türkmen tarapy özüniň bitaraplyk, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de döwletleriň içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerine esaslanýan çemeleşmesini beýan etdi. Türkmenistanyň Owganystanda parahatçylygy we durnukly ösüşi dikeltmäge gönükdirilen başlangyçlary yzygiderli öňe sürýändigi, şol sanda ynsanperwer kömegini hem-de parahatçylyk başlangyçlaryna goldaw berýändigi nygtaldy.

Türkmenistan–Owganystan demir ýolunyň gurluşygy hem-de täze energetika we ulag geçelgeleriniň döredilmegi ýaly iri infrastruktura taslamalarynyň durmuşa geçirilmegine aýratyn üns berildi. Bu taslamalar Owganystanyň durmuş-ykdysady taýdan tadurnuklaşmagyna we dikeldilmegine, şeýle hem sebitdäki aragatnaşygyň çuňlaşmagyna goşant goşup biljek strategiki taýdan möhüm şertler hökmünde görülýär.

Taraplar açyk syýasy dialogy ösdürmegiň möhümdigini tassykladylar hem-de özara gyzyklanma bildirilýän meseleler boýunça mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Dowam edýän halkara çagyryşlaryň çäginde sebitleýin howpsuzlygy üpjün etmek üçin parahatçylykly çözgütleriň, diplomatik tagallalaryň we durnukly hyzmatdaşlygyň ähmiýeti nygtaldy.

ORIENT

Foto: Türkmenistanyň Belgiýadaky Ilçihanasy tarapyndan üpjün edildi

Şeýle hem okaň: