Iň täze habarlar

TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 34 geleşik hasaba alyndy

31.03.2025 | 15:45 |
 TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 34 geleşik hasaba alyndy

Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda 34 geleşik hasaba alyndy.

Daşary ýurt walýutasyna Türkiýe Respublikasynyň, Owganystanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Maltanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” Döwlet konserniniň tehnologik desgalarynda işlenilen nebit ýol bitumyny, suwuklandyrylan gazy, uçar kerosinini, polipropileni we az kükürtli ýakyş mazudyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna biz we agardylmadyk mata, nah ýüplükler, pagta süýümi ýerlenildi. Satyn alyjy-ýurtlar: Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Türkiýe Respublikasy. Geleşikleriň umumy bahasy 38 mln 127 müň ABŞ dollaryndan geçdi.

Içerki bazara ýerli işewürler umumy bahasy 72 mln 880 müň manada barabar bolan gazbeton bloklaryny, esas ýagyny we nebit ýol bitumyny (“Türkmennebit” DK), şeýle hem dokma önümçiliginiň galyndylaryny, nah ýüplügini, soekstruzirlenen gaplama örtügini we pagta süýümini satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.  

ORIENT news

Foto: exchange.gov.tm

Şeýle hem okaň: