Howa gatnawyndan demir ýol gatnawyna çenli: Türkmenistanyň ulag pudagy boýunça görkezijileri
06.04.2025 | 03:00 |Hökümet mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentlig Baş direktory Mämmethan Çakyýew, döwlet Baştutany Serdar Berdimuhamedowa agentligiň 2025-nji ýylyň birinji çärýegindäki ykdysady görkezijiler barada hasabat berdi.
Hasabatda bellenilişi ýaly, toplumda ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň ösüş depgini 118,4% bolup, bu bolsa ýurduň ulag we aragatnaşyk infrastrukturasynyň ösüşiniň oňyn depginini görkezýär. Ulag pudagynyň görkezijilere aýratyn üns berildi: ýolagçy gatnatmagyň meýilnamasy – 101,4%, ähli ulaglaryň görnüşleri boýunça ýük daşamagyň meýilnamasy – 104,3% ösüş depginini görkezdi.
Häzirki wagtda Türkmenistanyň ulag pudagynyň çalt depginlerde ösüşlere eýe bolýandygy ynam bilen aýdyp bileris. “Türkmenhowaýollary” agentliginiň işiniň netijeleri aýratyn täsir galdyrdy: ýanwar-mart aýlary aralygynda hyzmatlaryň ösüş depgini çärýekde bellenilen meýilnamadan ýokary bolup, 126.5% deň boldy. “Türkmendeňizderýaýollary” deňiz we derýa ulaglary agentliginiň hem görkezijileri ýokary bolup, meýilnama 125.5% ösüş bilen ýerine ýetirildi.
“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň aragatnaşyk işgärleri telekommunikasiýa we poçta hyzmatlaryna bolan islegiň yzygiderli ösýändigini görkezip, meýilnamany 122% ýerine ýetirildi.
Çärýekdäki öňdebaryjylaryň sanawyny “Türkmenawtoulaglary” agentligi we “Türkmendemirýollary” agentligi jemleýär – olar degişlilikde meýilnamany 110,4% we 107.1% ýerine ýetirildi. Olaryň durnukly netijeleri, Türkmenistanyň barha artýan üstaşyr ornunyň çäginde gur ýerde logistikasyny ösdürmegiň möhümdigini görkezýär. Şeýlelik bilen, birinji çärýegiň netijeleri ýurduň ulag-aragatnaşyk pudagynyň durnukly ykdysady ösüşi we halkara integrasiýa üçin berk binýady goýýandygyny tassyklaýar.
ORIENT