Türkmenistanyň ýangyç-energetika toplumy birinji çärýekde önümçilik meýilnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdi
06.04.2025 | 00:30 |2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanyň ýangyç we energiýa toplumynyň kärhanalary bellenen önümçilik meýilnamalaryny artygy bilen ýerine ýetirdiler.
Bu barada şenbe güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Batyr Amanow Prezident Serdar Berdimuhamedowa hasabat berdi. Şeýlelik bilen, tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 104,8%, nebit çykarmagyň meýilnamasy bolsa 107,1% ýerine ýetirildi.
Hususan-da, suwuklandyrylan gazy öndürmekde 117,9% ösüş depgini üpjün edilip, öndürijiler tarapyndan ýokary netije görkezildi.
Nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy hem artygy bilen ýerine ýetirilidi – 107,1% ösüş gazanyldy.
Benziniň öndürilmegi bellenilen meýilnamadan geçip, 102%-e deň boldy.
Dizel ýangyjynyň öndürilişi – 100,8%-e, çalgy ýaglary – 100,4%, polipropilen - 100,1% berjaý edildi.
Prezident wise-premýere gözleg burawlaýyş işlerini, nebitiň we gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak boýunça hem-de uglewodorod çig malynyň eksportyny giňeltmek boýunça işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
ORIENT