Iň täze habarlar

2025-nji ýylyň birinji çärýeginiň makroykdysady netijeleri: Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüşi 6,3%-e deň boldy

05.04.2025 | 23:50 |
 2025-nji ýylyň birinji çärýeginiň makroykdysady netijeleri: Türkmenistanyň JIÖ-niň ösüşi 6,3%-e deň boldy

Şu gün, 5-nji aprelde, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde ýurduň 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde durmuş-ykdysady ösüşiniň netijeleri jemlendi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow şu ýylyň ýanwar-mart aýlary üçin esasy makroykdysady görkezijiler barada hasabat berdi. Berlen maglumatlara görä, hasabat döwründe Türkmenistanyň jemi içerki önüm (JIÖ) 6,3% ýo karlandy.

Ykdysady pudaklarynda oňyn görkezijiler gazanyldy, şunda ulag we aragatnaşyk pudagy tarapyndan 11.1% ösüş depgini gazanyldy. Söwdada (9,9%), hyzmatlar ulgamynda (8,8%) we oba hojalygynda (4%) möhüm görkezijiler hasaba alyndy. Senagatda ösüş 0,3%-e, gurluşykda bolsa 3,8%-e deň boldy.

Umuman aýdanyňda, 2025-nji ýylyň birinji üç aýynda ýurtda önümçilik mukdary 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 9,6% ýokarlandy we ähli pudaklarda önümçilik görkezijilerinde oňyn ösüş depgini hasaba alyndy.

Şu ýylyň ýanwar-mart aýlary üçin bölek satuw haryt dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 12,3%, daşary söwda dolanyşygy 2,9% ýokarlandy. 2025-nji ýylyň birinji üç aýynda maliýeleşdirmegiň ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, 2024-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 17% deň bolup, ep-esli ýokarlandy.

Şeýlelik bilen, berlen maglumatlar 2025-nji ýylyň birinji çärýeginde Türkmenistanyň esasy makroykdysady görkezijileriniň durnukly ösüşini görkezýär.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: