TDHÇMB-da söwdalaşyklar: geçen hepde 16 geleşik hasaba alyndy
07.04.2025 | 13:45 |Geçen hepde Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasynda geçirilen söwdalaşyklaryň dowamynda 16 geleşik hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” Döwlet konserniniň tehnologik desgalarynda işlenilen nebit ýol bitumyny satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt walýutasyna nah matalary we ýüplükleri ýerlenildi. Olary Gyrgyzystanyň telekeçileri satyn aldy. Geleşikleriň umumy bahasy 835 müň ABŞ dollaryndan geçdi.
Içerki bazara ýerli işewürler nebit ýol bitumyny we esas ýagyny (“Türkmennebit” DK), şeýle hem gazbeton bloklaryny, boýalan matalary, nah ýüplükleri, dokma önümçiliginiň galyndylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň umumy bahasy 18 mln 391 müň manatdan gowrak boldy.
Türkmenistanyň Döwlet haryt çig-mal biržasyndaky kesilen nyrhlar bilen şu salgyda tanşyp bilersiňiz.
ORIENT news