Foxconn we Nvidia NuraBot-y hödürleýär: ýaşuly adamlar barada alada edýän robot
20.05.2025 | 19:04 |Computex sergisinde Foxconn kompaniýasy Nvidia bilen bilelikde saglygy goraýyş edaralary üçin döredilen NuraBot atly roboty hödürledi. Bu robot Taichung Veterans General Hospital we Kawasaki Heavy Industries bilen hyzmatdaşlykda işlenip düzüldi we näsaglara ideg etmekde kömek bermäge niýetlenendir. Ol emeli aň we awtonom nawigasiýa arkaly işleýär.
NuraBot Nvidia platformalarynda işleýär, bu bolsa oňa daş-töweregini takyk kabul etmäge, tebigy dili gaýtadan işlemäge we näsaglaryň zerurlyklaryna uýgunlaşmaga mümkinçilik berýär. Ulgam hassahanalaryň içinde howpsuz hereket etmek üçin kameralar we görkeziji enjamlar bilen enjamlaşdyrylandyr. Şeýle hem, robot ýaşaýyş görkeziji maglumatlary gözegçilikde saklap, dermanlary we iýmiti ýetirip, hereket etmäge kömek edip bilýär.
Robotyň aýratynlygy – ol öwrenmäge ukyplydyr: näsaglaryň gün tertibini ýat tutup, şahsylaşdyrylan goldaw hödürleýär. Emeli aňly çözgütler maglumatlary hakyky wagt tertibinde seljerýär, bu bolsa saglyk ýagdaýyndaky üýtgeşmeleri çalt ýüze çykarmaga we zerurlyklary öňünden çaklamaga mümkinçilik berýär.
ORIENT