Ministrler Kabinetiniň mejlisi: Türkmenistanyň Prezidentiniň üns merkezinde býujet, gaz we halkara gatnaşyklary
18.05.2025 | 01:50 |Aşgabat, 17-nji maý | ORIENT. Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Esasy üns içerki ösüş, geljek ýyl üçin maliýe meýilnamasy taýýarlamak, oba hojalygy we medeni maksatnamalara, şeýle hem halkara işlerine gönükdirildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa alnyp barylýan kanunçykaryjylyk işi barada maglumat berdi. Daşary ýurtlaryň parlamentleri we halkara guramalary bilen gatnaşyklary giňeltmek boýunça işler alnyp barylýar. Türkmen deputatlary, Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Federasiýa Geňeşiniň forumy we Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherindäki ÝHHG-niň okuw maslahaty ýaly birnäçe halkara duşuşyklaryna gatnaşdylar.
Wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetini düzmek hakynda kararyň taslamasynyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi. Döwlet býujeti we maliýe-ykdysady görkezijileri düzülende “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022–2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” ugur almak göz öňünde tutulýar. Ileri tutulýan ugurlaryň arasynda – makroykdysady durnuklylyk, hususy telekeçiligi goldamak, sanlaşdyrmak, tehnologiki innowasiýa we ilatyň ýaşaýyş derejesini ýokarlandyrmak.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Batyr Amanow nebitgaz pudagyna sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Hususan-da, gürrüň sanly tehnologiýalary ulanyp tebigy gazyň çykarylyşyna, daşalmagyna we onuň gündelik sarp edilişine gözegçiligi güýçlendirmek meselesi barada boldy.
Wise-premýer Taňryguly Atahallyýew möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdi. Bugdaý ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, ideg etmek işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Galla oragy möwsümine guramaçylykly girişmek maksady bilen, degişli taýýarlyk işleri geçirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär. Daşoguz welaýatynda bolsa şaly ekişi dowam edýär.
Wise-premýer Baýmyrat Annamämmedowyň hasabatyndan görnüşi ýaly, Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli geçiriljek “Ak şäherim Aşgabat” atly XXIV köpugurly halkara sergisine we maslahatyna görülýän taýýarlyk işleri tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýar. Çärä ýerli we daşary ýurt kompaniýalarynyň wekiller gatnaşar, iş duşuşyklary geçiriler hem-de täze tehnologiýalaryň görkezilişi bolar. Şeýle hem gurluşyk we senagat toplumynyň tapawutlanan işgärlerine sowgatlary gowşurmak dabarasy bolar.
Wise-premýer Nökerguly Atagulyýew Kazan şäherinde geçirilen “Russia Halal EXPO” halkara sergisine Türkmenistanyň öz milli pawilýony bilen gatnaşandygyny habar berdi. Şeýle hem wise-premýer Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk işleri ýagny onuň çäklerinde geçiriljek sergi we Türkmen halyşynaslarynyň bütindünýä jemgyýetiniň XXV mejlisi barada hasabat berdi. Bulardan başga-da “Türkmenistanyň at gazanan halyçysy” diýen hormatly ada mynasyp bolan halyçylary sarpalamak dabarasy bolar.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Bahar Seýidowa iki festiwal: “Parahatçylyk sazy” atly halkara festiwaly (19–21-nji maý) we “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly aýdym-sazly festiwaly (29–31-nji maý) barada hasabat berdi.
Wise-premýer Baýramgül Orazdurdyýewa okuw ýylynyň tamamlanmagy bilen bagly guraljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Ýurduň orta mekdeplerinde “Soňky jaň” dabarasy geçiriler, göreldeli uçurymlara hem-de kärine ussat bilim işgärlerine ýadygärlik sowgatlarynyň gowşurylyş dabarasy şeýle hem baýramçylyk çäreleri geçiriler. Mundan başga-da, saglyk we medeni maksatnamalary öz içine alýan saglyk merkezlerinde çagalar üçin tomusky dynç alyş möwsümini talabalaýyk geçirmek meselesi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Tatarystan Respublikasyna iş saparynyň netijeleri barada hasabat berdi. Türkmen halkynyň Milli Lideri “Russiýa - Yslam dünýäsi: KazanForum” atly XVI halkara ykdysady forumda çykyş etdi we yslam ýurtlarynyň Aziýa-Ýuwaş umman sebitinden Ýakyn Gündogar we Ýewropa ýurtlaryna çenli aralykdaky giňişligi birleşdirýän Ýewraziýa energetika, ulag we tehnologiýa guşagyny döretmek başlangyjy bilen çykyş etdi.
Şeýle hem daşary işler ministri Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alnyp barylýan işler barada habar berdi. Syýasy, ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen teklipleriň toplumy taýýarlandy.
Mejlisiň dowamynda Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňledi we Ministrler Kabinetiniň mejlisine gatnaşyjylaryň tekliplerine garady we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlaryna meýilleşdirilen ähli çäreleri ýokary derejede geçirmegi tabşyrdy.
Döwlet Baştutany şeýle hem Maliýe we ykdysadyýet ministrligine 2026-njy ýyl üçin Döwlet býujetiniň taslamasyny, durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny öz wagtynda taýýarlamagy we 2025-nji ýylyň 1-nji noýabryna çenli Ministrler Kabinetine tabşyrmak barada Karara gol çekdi.
Pursatdan peýdalanyp Prezident Serdar Berdimuhamedow Hökümet mejlise gatnaşyjylary hem-de ähli türkmen halkyny Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni bilen tüýs ýürekden gutlady we bu baýramçylyk Garaşsyz Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi ugrunda alnyp barylýan işlerde biziň jebisligimizi we agzybirligimizi has-da pugtalandyrýar diýip belledi.
ORIENT