Iň täze habarlar

Türkmenistanyň Prezidenti Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

21.05.2025 | 03:15 |
 Türkmenistanyň Prezidenti Halkara agyr atletika federasiýasynyň ýolbaşçysyny kabul etdi

20-nji maýda, sişenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Aşgabada sapar bilen gelen Halkara agyr atletika federasiýasynyň (IWF) ýolbaşçysy Mohammed Jaludy kabul etdi. Duşuşyk Türkmenistanyň halkara giňişliginde sport hyzmatdaşlygyny ösdürmekde nobatdaky ädim boldy.

IWF-niň ýolbaşçysy 2017-nji ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna, 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşmak maksady bilen Aşgabada gelendigini we bu saparlaryny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow iri sport guramasynyň ýolbaşçysyny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, bu saparynyň dowamynda Türkmenistan bilen IWF-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny hem-de geljekki ösüşini ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik boljakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň dowamynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistan sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini ösdürmäge aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistan dünýä derejesindäki sport infrastrukturasyna işjeň maýa goýýar. Munuň özi bolsa eýýäm 2018-nji ýylda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty ýaly iri halkara ýaryşlaryny üstünlikli geçirmäge mümkinçilik berdi. Bu wakalar Türkmenistanda sportuň ösüşinde we IWF bilen gatnaşyklary pugtalandyrmakda möhüm tapgyryna öwrüldi.

Mohammed Jalud Türkmenistanda döredilen döwrebap sport infrastrukturasynyň dünýä derejesindäki ýaryşlary geçirmäge, ýokary derejeli türgenleri taýýarlamaga mümkinçilik berýändigini belledi. Ol sporty ösdürmäge berýän yzygiderli ünsi üçin Türkmenistanyň Prezidentine we türkmen halkynyň Milli Liderine hoşallyk bildirdi.

IOC_Oct13_1-e1700667820233-768x436.jpg

IWF President Mohammed Jaloud

Döwlet Baştutany şu duşuşygyň sport hyzmatdaşlygyny täze derejä çykarmak we IWF-niň ösüşine goşant goşmak babatda möhüm ädimdigini, bu düzümiň alyp barýan işiniň bütin dünýäde sporty ösdürmäge, Olimpiýa gymmatlyklaryny dabaralandyrmaga uly itergi berýändigini belläp, IWF-niň ýolbaşçysynyň şu gezekki saparynyň sport ulgamyndaky hyzmatdaşlygy has-da giňeltmäge, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge, täze başlangyçlary öňe sürmäge itergi berjekdigini nygtady.

Duşuşygyň ahyrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen Halkara agyr atletika federasiýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga goşýan şahsy goşandy we bu ugurda ýurduň başlangyçlaryna berýän goldawy üçin federasiýanyň ýolbaşçysy Mohammed Jaluda tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: