Aşgabada Türkiýäniň Ýokary bilim geňeşiniň wekiliýeti geldi
21.05.2025 | 15:10 |21-24-nji maý aralygynda Aşgabatda Türkiýe Respublikasynyň Ýokary bilim geňeşiniň wekiliýeti iş saparynda bolar. Oňa Geňeşiň başlygy Erol Ozwar ýolbaşçylyk edýär.
Saparyň maksady ýokary bilim babatda hyzmatdaşlyk mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy bolar.
Saparyň çäklerinde birnäçe duşuşyklar göz öňünde tutuldy. Hususan-da, türk wekiliýetiniň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa bilen duşuşygy geçiriler. Gepleşiklere Türkmenistanyň bilim ministri hem gatnaşar. Maslahatlaşmalar iki ýurduň bilim edaralarynyň arasynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak meselelerine bagyşlanar.
Mundan başga-da, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty ýaly ýurdumyzyň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylary bilen duşuşyklar meýilleşdirilen. Wekiliýetiň medeni maksatnamasynda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýine we Türkmen halysynyň muzeýine baryp görmek ýaly çärelere bar. Myhmanlar “Nusaý” taryhy-medeni goraghanasyna baryp, Türkmenistanyň medeni mirasy bilen tanyşarlar.
Saparyň ikitaraplaýyn bilim hyzmatdaşlygynyň ösüşinde möhüm ädim boljakdygyna garaşylýar.
ORIENT news