Iň täze habarlar

Türkmenistanda innowasion startaplaryñ döreýşi we türkmen bazaryna cykyşy

02.06.2025 | 17:30 |
 Türkmenistanda innowasion startaplaryñ döreýşi we türkmen bazaryna cykyşy

Türkmenistanda startap hereketini ösdürmek boýunça nobatdaky başlangyçlar tapgyry tamamlandy - StartUp Academy işewürlik-inkubatoryñ 12-nji tapgyry gutardy. Ol Türkmenistanyñ Ylymlar akademiýasynyñ Halkara tehnologiýa parky bilen bilelikde guraldy.

Nobatdaky inkubasion maksatnamasynyñ tamamlanmagy mynasybetli 2025-nji ýylyñ 31-nji maýynda möhüm DemoDay çäresi geçirildi. Bu cäre "Arkaç" işewürlik merkeziniñ çägindäki “Iş Nokady” koworking-giñişliginde geçirildi. Gatnaşyjylar, myhmanlar we çagyrylan bilermenler ýaş toparlaryñ soñky bir ýarym aýyñ dowamynda zähmet çeken taslamalarynyñ tanyşdyrylyşynyñ şaýady boldylar. 1 DemoDay maksatnamasynda 180-den gowrak myhman, şol sanda işewürlik toparlarynyñ wekilleri, innowasiýa bilermenleri, StartUp Academy mentorlary we ozalky uçurymlary gatnaşdy. 150-den gowrak adam bolsa onlaýn görnüşinde gatnaşdy. Çäre diñe bir taslamalar bilen tanyşdyrmak üçin platforma bolman, eýsem işewürlik gatnaşyklary ýola goýmak, tejribe we ylham almak üçin meýdança boldy.

Saýlama tapgyryny, okuw sapaklaryny we maslahatlaşmalary geçen bäş sany startap topary bäsleşik tapgyryñ çäklerinde öz taslamalary bilen tanyşdyrdy. Maksatnamanyñ dowamynda gatnaşyjylar işewürlik we maliýe nusgalaryny döretmek boýunça iş alyp bardylar, bazary seljerdiler, maliýeleşdirmek strategiýalaryny işläp taýýarladylar hem-de anyk maýa goýum teklipleri kesgitlemäge öwrendiler. Işewürligiñ dürli pudaklarynyñ, şol sanda maliýe, marketing, tehnologiýalar we taslamalary dolandyrmak babatda tejribeli mentorlar we hünärmenler olara goldaw berdiler.

Taslamalara meşhur telekeçilerden we işewürlik bilermenlerinden ybarat ýokary taýýarlykly eminler baha berdiler. Bahalandyrmalaryñ netijesinde in gowy üç sany startap saýlandy. Olar ýokary taýýarlyk derejesi, maksat edinýän köpçülige anyk düşünmegi we gerimlilik mümkinçiligi bilen tapawutlandy. Gatnaşyjylar emin agzalaryñ seslenmelerini alyp, bu hem geljekki ösüş we taslamalaryñ hakyky bazar şertlerine uýgunlaşmagy üçin has hem möhüm boldy.

Emin agzalaryñ pikirine görä aşakdakylar ýeñiji diýlip yglan edildi:

1-nji ýer - "MEMO" startapy (mahabatda goşulan hakykat), esaslandyryjysy Mergen Jumaýew;

2-nji ýer - “Masenflu” startapy (gepleýiş iñlis dilini öwrenmegiñ innowasion usuly), esaslandyryjysy Dünýägözel Amanmuhammedowa;

3-nji ýer - “Jam Creative” startapy (çagalar üçin ylmy teatr), esaslandyryjysy Wasiliý Andronow.

Guramaçylar ähli toparlary, taslamalaryñ dürli tematikasyna garamazdan, bitewi maksat birleşdirýändigini bellediler: jemgyýete hakyky peýda getirýän we häzirki zaman çagyryşlara jogap bolýan çözgütleri döretmek islegi.

Bäş ýyllyk baýramçylygyny bellemegiñ çäklerinde StartUp Academy bölümçe maslahatyny hem geçirdi. Onuñ çäklerinde bäş sany tejribeli startap esaslandyryjysy täze gatnaşyjylar bilen tejribelerini we höweslendirmelerini paýlaşdy. Işjeñ halkara hyzmatdaşlygyñ subutnamasy bolsa Digital StartUp Awards maksatnamasynyñ tanyşdyrylyşy boldy. Onuñ Özbegistanyñ IT-parkyndan 100.000 ABŞ dollary möçberinde baýrakly gaznasy bar.

DemoDay çäresiniñ geçirilmegi hemaýatkärleriñ we hyzmatdaşlaryñ goldawy bilen mümkin boldy. Olaryñ arasynda “Arçalyk”, “Ak Sahypa”, “Ynamdar.com”, “Kuwwatly Energiýa Hyzmaty”, “Däp”, “Beg Ýupek” we “Tehnopark” bolup, olar çäräniñ guramaçylygyna we ýurdumyzda startap başlangyçlaryñ ösüşine möhüm goşant goşdylar.

StartUp Academy Türkmenistanda ýaşlar telekeçiliginiñ ösüş çäklerini giñeltmegi dowam etdirip, innowatorlaryñ täze nesliniñ ösmegi üçin şert döredýär. Akademiýa diñe bir bilim bilen amaly tejribe bermän, ol eýsem döwletimizi tehnologiýalar, döredijilikli çemeleşme we işewürlik arkaly ösdürmäge taýýar bolan pikirdeşler bileleşigini emele getirýär. Öñde bolsa täze tapgyrlar, täze pikirler we üstünligiñ täze hekaýalary bar.

StartUp Academy 2020-nji ýylda Türkmenistanda ýaş telekeçilere goldaw bermek hem-de olara pikirden başlap, hakyky durmuşa ukyply işewürlige çenli ýoly geçmäge kömek etmek maksady bilen, Galina Kalaginanyñ we Daniil Maýkowskiniñ başlangyjy bilen esaslandyryldy. Hereket etmeginiñ bäş ýylynyñ dowamynda Akademiýa özüni ýurdumyzda startap ekoulgamyny ösdürmek boýunça esasy platforma hökmünde tanatdy.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: