Iň täze habarlar

Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Baştutanlary gepleşikleriň jemleri boýunça metbugat wekilleri üçin beýannama bilen çykyş etdiler

02.06.2025 | 14:30 |
 Türkmenistanyň we Mongoliýanyň Baştutanlary gepleşikleriň jemleri boýunça metbugat wekilleri üçin beýannama bilen çykyş etdiler

2-nji iýunda Ulan-Batorda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Mongoliýanyň Prezidenti Uknaagiin Hurelsuhyň arasynda geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça döwlet Baştutanlary bilelikde Beýannama bilen çykyş edip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň täze tapgyryny yglan etdiler.

Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh iki ýurduň hyzmatdaşlygynda täze sahypa açan bu sapary taryhy diýip atlandyrdy. Taraplar geljekki ugurlary we ähli ugurlar boýunça özara hyzmatdaşlygyň “Ýol kartasyny” kesgitlejek bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler.

Saparyň dowamynda birnäçe möhüm hökümetara ylalaşyklara gol çekildi. Olaryň hatarynda howa we halkara awtoulag gatnawlary, maldarçylyk pudagyndaky hyzmatdaşlyk we ulag, logistika, syýahatçylyk, oba hojalygy, weterinariýa, söwda, ykdysadyýet, gümrük, ýeňil senagat, ylym, medeniýet, bilim, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we saglygy goraýyş ýaly ugurlary öz içine alýan beýleki resminamalar bar. Jemi 14 resminama gol çekildi.

Mongol lideriniň sözlerine görä, Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki topary döretmek baradaky ylalaşyk, ykdysady hyzmatdaşlyk baradaky hökümetara ylalaşyk we 2026–2028-nji ýyllar üçin söwda, ykdysadyýet we maýa goýumlary ugurlaryndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň orta möhletleýin maksatnamasy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Şeýle hem, awtoulag ulaglary, oba hojalygy we maldarçylyk boýunça bilelikdäki komitetiň döredilmegi möhüm ädim hökmünde bellenildi.

Prezidentler ýeňil senagatda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek baradaky ylalaşygy nygtadylar. Bu hyzmatdaşlyk mongol ýüňüni we kaşemirini türkmen pagtasy we dokma önümleri bilen birleşdirmegi göz öňünde tutýar. Şeýle hem, bilim we ylym ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň, şeýle-de Ulan-Bator bilen Aşgabat şäherleriniň arasynda doganlyk gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň ähmiýeti nygtaldy diýip, Mongoliýanyň Prezidentiniň metbugat gullugynyň habarynda aýdylýar.

Taraplar BMG-niň we beýleki halkara guramalarynyň çäklerinde, aýratyn-da daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek meselelerinde özara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna ygrarlydyklaryny tassykladylar. Mongoliýa, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Halkara barlag merkeziniň döredilmegi baradaky başlangyja goşulandygy üçin Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ara alnyp maslahatlaşylan ähli meseleler boýunça ylalaşygyň gazanylandygyny belledi we iki ýurduň sebitleýin hem-de ählumumy durnuklylygy saklamakda, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmekde, ekologiýa, azyk we energetika howpsuzlygy, şeýle-de ýol ulaglary pudagynda hyzmatdaşlygy dowam etdirjekdigini nygtady. Şeýle hem Mongoliýanyň halkara giňişlikdäki konstruktiw ornuna ýokary baha berdi.

Döwlet Baştutanlary şeýle hem halkara howpsuzlygyna abanýan ählumumy çagyryşlara hem-de howplara garşy göreşmekde tagallary birleşdirmek barada ylalaşdylar. Gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga we ulag aragatnaşyklarynyň ösdürilmegine şol sanda Türkmenistanyň “Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek” başlangyjyna şeýle hem energetika we aragatnaşyk ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerine aýratyn üns berildi.

Çykyşyň ahyrynda, iki ýurduň arasyndaky dostlukly, deňhukukly we özara peýdaly gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa ilkinji döwlet saparynyň taryhy ähmiýeti nygtaldy. Saparyň çäginde türkmen-mongol işewürlik forumy we bilelikdäki medeni çykyş hem boldy.

ORIENT

Foto: montsame.mn

Şeýle hem okaň: