Iň täze habarlar

Ýapon alymlary internet tizliginde dünýä rekordyny goýdylar: 1808 km aralykda 1,02 Petabit/s

02.06.2025 | 12:55 |
 Ýapon alymlary internet tizliginde dünýä rekordyny goýdylar: 1808 km aralykda 1,02 Petabit/s

Ýapon alymlary maglumat geçirmekde öň görülmedik tizlige ýetip, optiki süýümli aragatnaşykda täze dünýä rekordyny goýdular: 1808 kilometre çenli aralykda 1,02 petabit/s. Bu üstünlik, häzirki zaman ulgamlarynda ulanylýan birmeňzeş ölçegdäki standart optiki süýüm (0,125 mm) arkaly gazanyldy.

Bu synag üçin topar ýörite güýçlendiriji ulgamyny taýýarlap, signaly 19 sany süýümli ugryñ üsti bilen geçirdi. “Tizlik × aralyk” görkezijisi hem möhüm bolup, 1,86 eksabit-s/km boldy — bu hem täze dünýä rekordy hökmünde bellendi.

Bu üstünlik aýratyn ähmiýetlidir, sebäbi ilkinji gezek şeýle ýokary tizlik maglumatlaryň häzirki zaman telekommunikasiýa ulgamlaryna meňzeş uzak aralyga geçirilmegi bilen utgaşdy. Alymlar şeýle innowasiýalaryň “5G-den soňky jemgyýetde” geometrik ösüş görkezýän maglumat akymyny işlemek üçin örän zerurdygyny nygtaýarlar.

ORIENT

Foto: ixbt.com

Şeýle hem okaň: