Iň täze habarlar

Blue Origin alty täze raýat astronawtyny älem giñişligine iberdi

01.06.2025 | 15:10 |
 Blue Origin alty täze raýat astronawtyny älem giñişligine iberdi

Maý aýynyň 31-ne alty raýat astronawty Blue Origin kompaniýasynyň New Shepard kosmos gämisinde suborbital uçuşy ýerine ýetirdi. NS-32 missiýasynyň ekipažy özlerini «Täze açyş edijiler» diýip atlandyrdy we halkara älem giñişliginiñ serhedi hasaplanýan (Karman çyzygy) 104 kilometre çenli beýiklikde, üç minut töweregi agramsyzlyk ýagdaýda boldy.

Uçuş ABŞ-nyň Tehas ştatyndaky Launch Site One kosmodromyndan başlandy. Gaýtadan ulanylýan tizlendiriji bölek aýrylandan soň, kapsula 104 km beýiklige çykdy we ekipaž agzalaryna Blue Origin kompaniýasynyň aýratynlyk nyşanlaryny almaga mümkinçilik berdi. Ekipažyň düzüminde ilkinji täze zelandiýaly älem giñişliginde bolan Mark Roket we ähli 193 BMG agza ýurduna, iki polýusa baryp gören, älem giñişligine hem çykan ilkinji panamaly adwokat Haýme Aleman boldy. Ol bu uçuşy özüniň syýahatlarynyň iñ naýbaşysy diýip atlandyrdy.

1

Şeýle hem toparyň düzümine Ewerestiň depesine çykan kanadaly Jessi Williams we 149 ýurtda bolan amerikanly Pol Jeris girdi. Radiolog we bilim taslamalarynyň aktiwisti Grethen Grin bilen mugallym Emi Medina Horhe hem öz duýgylary bilen paýlaşdy. Grin: «Bu kämilligiň pursady boldy. Ýer ýüzi ajaýyp görünýärdi» - diýip belledi.

Uçuş 10 minut dowam etdi: kapsula paraşýutlaryň kömegi bilen gondy. Bu Blue Origin üçin 2015-nji ýyldan bäri New Shepard-yň 30-njy üstünlikli uçurylyşy we 2021-nji ýyldan bäri 12-nji adamly missiýa boldy. Umuman, kompaniýa şu wagta çenli jemi 64 adamy älem giñişligine çykardy.

ORIENT

Foto: Blue Origin

Şeýle hem okaň: