Täze Galax Boomstar Luna we Nox wideo kartlary: gyzlar ony serenjam bermek üçin hem ulanyp bilerler
01.06.2025 | 07:35 |Wideo kartlary öndürmekde innowasion çözgütleri bilen tanalýan Galax kompaniýasy Boomstar Luna we Boomstar Nox atly täze grafiki tizlendirijiler toplumyny hödürledi. Bu modelleriň esasy aýratynlygy kartyň arka tarapynda ýerleşýän özboluşly aýna plastinadyr.
Bu aýnaly panel arka plastinanyň ýüziniň takmynan ýarysyny tutýar, galan bölegi bolsa täsirli sowadyş ulgamyny üpjün edýän açyk radiator görnüşinde ýerleşýär. Şeýle dizaýn çözgüdi aýratynlykda kompýuteriň içki yşyklandyrmasy bilen birlikde ulanylanda, täsirli wizual effektleri döredip, ulgamda üýtgeşik bezeg hökmünde çykyş edip biler.
Boomstar toplumynda GeForce RTX 5070-den başlap RTX 5090D çenli dürli modeller hödürlenýär. Luna modelleri owadan ak reňkde ýerine ýetirilen bolsa, Nox görnüşleri nusgawy gara reňkde hödürlenilýär. Aýnaly panel görnüşindäki estetik täzelik bilen birlikde, bu wideo kartlaryň tehniki häsiýetnamalary hem degişli GeForce RTX modellerine laýyk gelýän ýokary derejededir.
ORIENT