Edebiýat – Türki dünýäsiniň umumy demidir
11.08.2025 | 18:14 |Umumy türki edebiýaty - umumy mirasymyzy şekillendirip, bizi umumy geljege alyp barýar
Azerbaýjan Respublikasynyň Raýat jemgyýetçilik guramalaryna döwlet goldawy agentliginiň 2025-nji ýyl boýunça orta grant bäsleşiginiň ýeňijisi bolan “Orta Aziýa we Günorta Kawkazda söz azatlygynyň ulgamy” jemgyýetçilik birleşigi (CASCFEN) tarapyndan amala aşyrylýan “Türki dünýäsi: Umumy miraslardan umumy geljege” atly taslama üstünlikli dowam edýär.
Bu taslamanyň esasy maksady – häzirki döwürde Türki dünýäsinde integrasiýanyň çuňlaşmagyna goşant goşmakdyr. Umumy mirasymyzy we gymmatlyklarymyzy tanamazdan, durnukly umumy geljegi gurmak mümkin däldir. Taslamanyň çäklerinde birnäçe çäreleriň geçirilmegi, şeýle hem Türkiýeden, Azerbaýjandan we beýleki türki döwletlerinden hünärmenleriň garaýyşlaryna esaslanyp 12 makalanyň taýýarlanmagy meýilleşdirilýär.
Aşakda Size hödürlenýän makala şol seriýalaryň bir bölegidir. Söhbetdeşlikde gozgalýan tema – Türki dünýäsiniň umumy edebiýatydyr. Bu baglanyşykda söhbetdeşlerimiz – halkara “Alaş” edebiýat baýragynyň eýesi, dünýäniň ýaş türki ýazyjylar birleşiginiň başlygy Ekber Koşaly hem-de Özbegistanyň tanymal ýazyjysy, terjimeçisi, birnäçe kino ssenariýalarynyň awtory, “Şöhrat” medalynyň eýesi Hasýet Rustemdir.
Türki dünýäsinde söze we edebiýata aýratyn gymmat berilýär
Söhbetdeşliklere geçmezden ozal, bellenilmäge degişli zat – umumy Türki edebiýaty ähli türki halklarynyň umumy medeni mirasyny özünde jemleýän baý hem-de köpugurly edebi hadysadyr. Bu edebiýat, taryh boýy türki halklarynyň döreden ýazuw we dilden-dile geçýän döredijiligini öz içine alýar we olaryň umumy gymmatlyklaryny, dünýä garaýyşlaryny hem-de medeniýetlerini şöhlelendirýär.
Taryhy çeşmelere görä, umumy Türki edebiýaty VI–IX asyrlarda emele gelip başlapdyr. Şol döwürlere degişli iň möhüm eserleriň biri – “Däde Gorkut kitaby” eposydyr. Bu eser, oguz türkleriniň edebi pelsepesiniň kemala gelmeginde möhüm rol oýnapdyr. 12 bölümi öz içine alýan eposda gahrymançylyk, maşgalanyň mukaddesligi, mertlik, agzybirlik we ruhy gymmatlyklar wasp edilýär. Bu meşhur epos 2018-nji ýylda ÝUNESKO-nyň Maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi.
Mundan başga-da, Göktürkmenler döwrüne degişli Orhon–Ýeniseý ýazgy ýadygärlikleri we Aprynçor Teginiň şygryýet eserleri hem köne umumy Türki edebiýatynyň möhüm nusgalarynyň hataryndadyr. Umuman aýdanyňda, türk eposlary – türki halklarynyň Orta Aziýadan beýleki sebitlere göçüşini hem-de taryhy synaglara garşy göreşini beýan edýär.
IX–XIII asyrlarda Türk–Yslam medeniýetiniň ösmegi bilen umumy Türki edebiýaty has-da baýlaşypdyr. Bajatlar, ertibarlar, nakyllar – halkyň dilden dile geçip gelýän döredijiliginiň janly mysallarydyr. Mysal üçin, “Asly bilen Kerem” eposy bu babatda görkezilip bilner.
Bu döwürden galan beýleki möhüm eserleriň hatarynda: Ýusup Has Hajiýbiň “Kutadgu Bilig” atly döwlet dolandyryşy we ahlak hakynda ýazylan didaktik eseri; Mahmyt Kaşgarlynyň “Divânü Lügâti’t-Türk” atly türki dilleri we medeniýeti baradaky gymmatly maglumatlara baý sözlügi; Ahmet Ýasawynyñ “Diwan-i Hikmet” atly eseri – tasawuf edebiýatynyň möhüm nusgasy hökmünde tanalýar.
XIII–XV asyrlarda umumy Türki edebiýaty täze ösüş basgançagyna çykypdyr. Ýunus Emre, Möwlana Jelaleddin Rumy, Alyşir Nowaýy, Imadeddin Nesimi ýaly beýik şahsyýetler şol döwri şöhlelendiren ýyldyzlara öwrülipdir.
XIX–XX asyrlarda edebiýat täze temalar we görnüşler bilen baýlaşýar.
Ekber Koşaly: “Edebiýat – bir halkyň ruhy, taryhy we geljegine ýol görkezýän çyradyr”. Ekber Koşalynyň pikiriçe, eger Türki dünýäsini bir bedene meňzetsek, onuň ýüregi – umumy Türki edebiýatydyr: “Bu edebiýat geografiki serhetlerden, syýasy düzgünlerden we wagtyň bölüji ykbalyndan has güýçlidir. Ol ilkinji türki adamyň dünýäde yz galdyran gününden başlanýar, Däde Gorkudyň ruhy bilen beýgeldilýär, Nyzami, Nesimi, Fizuly ýaly beýik şahyrlar bilen kämillige ýetýär, Alyşir Nowaýynyň pähim-parasatly şygryýeti bilen dowam edýär, XX asyrda bolsa Hüseýin Jäwid, Çolpan, Halyl Said Hojaýew, Abdylla Kadiry, Maksut Şeýhzade ýaly şahsyýetleriň galamynda ideologik garşylyga öwrülýär.”
Koşalynyň bellemegine görä, häzirki wagtda bu edebi agzybirlik diňe bir taryhy baglanyşyklar bilen däl-de, eýsem medeni strategiýalar, döwlet syýasatlary we tehnologik mümkinçilikler arkaly-da berkeýär. Azerbaýjan we Özbegistan häzirki zaman edebi syýasatlary bilen umumy köklere we döwrebap çagyryşlara jogap berýär.
Onuň pikirine görä, soňky ýyllarda Azerbaýjan edebiýatyndaky esasy ugurlar aşakdakylar:
Milli–ruhy oýanyş – Garabag ýeňşinden soň edebiýat täze tapgyra geçdi. Ýazyjylar we şahyrlarymyz ýeňşi şöhlelendirmek bilen birlikde, milli şahsyýeti filosofik we nyşansal dil bilen beýan edýärler;
Täze edebi nesil – täze şahyrlaryň we prozaçylaryň döredijiligi däp bolan häzirki zaman estetikasynyň arasynda köpri gurýar;
Edebi sanlylaşma – elektron edebiýat, interaktiw şygryýet, wirtual edebi žurnallar arkaly milli edebiýat dünýä metbugat giňişliginde has giňden orun alýar.
Ekber Koşalyň pikirine görä, Nyzami, Nesimi we Fizuly mirasynyň umumy Türki derejesinde tanadylmagy üçin halkara simpoziumlar, terjime taslamalary we umumy okuw kitaplary arkaly birleşdirilen bir edebi ulgamyň düýbi tutulýar.
Hasýet Rustem: "özbek edebiýaty – diňe bir halkyň söz hazynasy däl, eýsem tutuş Türki medeni kodunyñ möhüm göterijisidir".
Bu garaýyşlara Özbegistanyň çemeleşme nukdaýnazaryndan, beýleki bir çykyş eden hünärmenimiz Hasýet Rustem aşakdaky pikirleriň üstünde durdy:
"Özbek edebiýaty – hem klassyky Gündogar edebiýatynyň, hem-de türki şygryýet pikiriniň esasy sütünlerinden biridir. Alyşer Nowaýynyň 'Hamsesi', bu nukdaýnazardan diňe bir edebi hadysa däl, eýsem, umumy dil we pikir birliginiň şygryýet konstitusiýasydyr. XX asyrda – Behbudi, Kadiry, Fitrat – milli oýanyşyň edebi manifestlerini döretdiler."
Hasýet hanymyñ pikirine görä, häzirki zaman özbek edebiýatynda üns berilýän esasy aýratynlyklar şulardyr:
"Milli renessans". Bu ýerde jedid mirasyna täzeden baha berilýär. Häzirki zaman ýazyjylary – Jamol Kamol, Hamid Ismail, Muhiddin Halikow ýaly şahsyýetler sowet döwründen galan psihologik ýaralary we global jemgyýetiň meselelerini edebi dile geçirýärler.
Ýene bir möhüm tarap – edebiýatyň döwlet strategiýasyna öwrülmegidir. Bu ýerde aýratyn belläp geçmeli zat – Prezident Şawkat Mirziýoýewiň başlangyjy bilen edebiýat täzeden medeni ugurlaryň hataryna goşuldy. Nowaýy adyndaky täze institutlaryň açylmagy, halkara edebiýat günleriň geçirilmegi we ýazyjylara döwlet sylaglarynyň gowşurylmagy bu syýasatyň açyk mysallarydyr.
Bularyň ählisi özbek edebiýatyny diňe bir içerki bitewülik däl, eýsem tutuş Türki edebi ulgamyna işjeň integrasiýanyň bir bölegi hökmünde hem kesgitleýär."
Hasýet Rustemiñ bellemegine görä, özbek edebiýaty diňe bir halkyň söz hazynasy däl, eýsem Türkistanyň, Türki dünýäsiniň medeni kodunyň möhüm görkezijisidir:
"Alyşer Nowaýy tarapyndan döredilen şygryýet mekdebi diňe bir halkyň edebi şahsyýetini däl, eýsem türki medeniýetiniň çägini hem kesgitledi.
Häzirki zaman özbek edebiýaty, esasan hem Garaşsyzlyk döwründen soňky döwürde, milli ruhuň täzeden oýanýan, mirasyň häzirki zaman dili bilen täzeden ýazylýan edebi tapgyryny başdan geçirýär."
Nygtalyşy ýaly, Garaşsyzlykdan soň Özbegistanda edebiýat ideologik gözegçilikden saplanýar we täze dem alýar:
"Diňe bir resmi neşirlerde däl, eýsem garaşsyz platformalarda – internet portallarynda, jemgyýetçilik torlarynda-da edebi döredijilik giň gerimde ösýär. Täze nesliň özüni beýan etmegi üçin mümkinçilikler giňeldi, şygyr we prozada şahsy tejribä daýanýan, dünýewi we ählumumy temalary öz içine alýan eserleriň sany artýar.
Şeýle-de, edebiýatyň institusional taýdan güýçlenmegi hem aýratyn bellärliklidir: Nowaýy adyndaky döwlet uniwersiteti, Özbegistanyň Ýazyjylar birliginde döredilen amatly iş şertleri we Prezidentiň başlangyjy bilen esaslandyrylan edebi sylaglar, şeýle-de 'Türk Edebiýatynyň Incelikleri' atly 100 tomluk neşir taslamasy ýazyjylar we şahyrlar üçin maddy we ruhy goldaw bolup hyzmat edýär."
Mundan başga-da, Özbegistanda edebi festiwallar we halkara çäreler yzygiderli geçirilýär. Mysal üçin, "Nowaýy – Türki Dünýäsiniň Dahysy" atly simpoziumlar we beýleki türk döwletleri bilen alnyp barylýan edebi hyzmatdaşlyklar umumy medeniýete integrasiýany üpjün edýär.
Hasýet Rusteminiñ pikirine görä, özbek edebiýatynyň geljegi indi diňe içerki ösüş bilen däl-de, eýsem Türki dünýäsiniň medeniýetine goşant goşmak islegi bilen hem ölçenilýär:
"Şu maksada laýyklykda, aşakdaky ugurlar barha möhüm ähmiýete eýe bolýar:
– Umumy şygryýet platformalarynyň döremegi. Ýagny, Türki edebiýatynyň ýazyjylarynyň gatnaşmagynda umumy edebi žurnallar, ýazgy bäsleşikleri, bilelikde antologiýalar taýýarlanylýar;
– Edebi çäkleriň ýitirilmegi: şahyrlar bilen ýazyjylaryň arasynda dil päsgelçiligi barha azalýar. Bu bolsa gaty möhüm ösüşdir. Çünki terjimeler, dil öwrediş kurslary, umumy döredijilik taslamalary bu ugruň esas gurallarydyr.
Ahyrky görnüşde bolsa, edebi-medeni diplomatiýa nukdaýnazaryndan edebiýat diňe bir estetik hadysa däl, eýsem döwletleriň arasynda medeni gatnaşyklary ösdürmegiň esasy sütünleriniň biridir.
Gazak edebiýaty – çäksiz epiki giňişligiň we atlanyň pelsepesiniň görkezijisidir.
Beýleki türki halklarynyň edebiýatyna gelende bolsa, Hasýet Rustem şeýle diýýär:
"Mysal üçin, gazak edebiýaty – giň bozkurlaryň, bozkur epikasy bilen atlanyň pelsepesiniň görkezijisidir. Abay mirasy bilen kemala gelen milli poetika, XX asyrda Mağjan Jumabaý, Muhtar Auezow, Sabit Mukanow, Tölegen Aýbergenow, Mukagali Makatáýew, Olžas Süleýmenow ýaly ussatlar bilen döwrebaplaşdy."
Onuň pikirine görä, häzirki zaman gazak edebiýatynyň esasy ugurlary şulardyr:
Rowaýatdan realizme geçiş: Gazak ýazyjylary, esasan hem täze nesil, etnografik beýany we mifologik şekillendirmeleriň esasynda döredilen realizm arkaly häzirki zaman adamyň gözleglerini şygryýet meýdanyna çykarýar;
TÜRKSOÝ-yň özara täsir meýdanyny döretmegi: Gazagystanda türki döwletleriniň edebi wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilýän “Edebiýat günleri”, “Abay Akademiýasy” ýaly meýdançalar, DGTYB (Dünýä Ýaş Türk Ýazyjylary Birligi) tarapyndan alnyp barylýan taslamalar Türki dünýäsiniň edebi gatnaşyklarynyň möhüm merkezlerine öwrülýär.
"Manas" ruhy – häzirki tapgyrda dowam edýär
Gyrgyz edebiýatyna ser salanymyzda, bu edebiýat "Manas" dessanyndan gözbaş alýar. Ol halkyň ruhy we epiki dem alşyny häzirki zaman pikirleri bilen sazlaşdyrýar:
"Çingiz Aýtmatow şol ruhuň häzirki zaman sesi, XXI asyr Türki edebiýatynyň wyždanydyr."
Esasy ugurlar şulardyr:
Aýtmatowdan soňky döwür: Bu döwürde edebiýat täze soraglar bilen ýüzbe-ýüz bolýar; geçmiş bilen ýüzleşmek, täze şahsyýet gözlegi we şygryýet dilini goramak meselesi;
Edebi feminizmiň ösüşi: Käbir ýaş zenan ýazyjylar täze temalarda we täze dilde ýazmak bilen edebiýatyň jemgyýetçilik jyns taýdan garaýyşlaryny güýçlendirýärler.
Umuman aýdanyňda, gyrgyz edebiýaty üçin şygryýet mirasy – iň möhüm gymmatlyk bolmagynda galýar. Bu ýady saklamak üçin türk döwletleri bilen umumy terjime we neşir taslamalary uly ähmiýete eýedir.
Azady we Magtymguly Pyragydan ylham alýan türkmen edebiýaty
Hasýet Rustemiñ bellemegine görä, türkmen edebiýatynyň klassyky döwri aýratynlykda XVIII asyrda Döwletmuhammet Azady we onuň ogly Magtymguly Pyragy ýaly beýik şahyrlar bilen baýlaşdy:
"Döwletmämmet Azady 'Wagzy Azat' atly didaktiki-pelsepewi mesnewisi bilen tanalýar. Ol bu eserde jemgyýetçilik ahlaky we dini gymmatlyklary gorap, kämil adam idealyny öňe sürdi.
Magtymguly Pyragy bolsa, türkmen şygryýetiniň iň parlak wekili hasap edilýär. Onuň goşgularynda halkyň durmuş keşbi, duýgulary we gündelik ýaşaýşy şöhlelendirilýär. Ol türkmen halkynyň ensiklopediýasy hökmünde tanalýar.
Magtymguly klassyk hem halk şygryýet däplerini birleşdirip, türkmen edebiýatynda realizm akymyny başlatdy.
Hasýet hanymyñ pikirine görä, XX asyryň ahyry we XXI asyryň başynda türkmen edebiýatynda täze ugurlar ýüze çykdy.
Bu döwürde ýazyjylar, esasan hem 1980-nji ýyllaryň ahyryndan başlap, sosialist realizminiň gaty galyplaryndan çykyp, taryhy we jemgyýetçilik temalara ýüzlenip başladylar. Bu eserlerde türkmen halkynyň agzybirligi, azatlyk arzuwlary we milli şahsyýet meseleleri öňe çykýar.
Häzirki zaman türkmen edebiýatynda klassyk mirasa gaýdyp gelmek we ony täzeçe düşündiriş bilen beýan etmek hem möhüm ugurlaryň biridir. Ýazyjylar we şahyrlar Azady we Magtymguly ýaly klassyklardan ylham alyp, häzirki zaman meselelerini edebiýat arkaly beýan edýärler.
Edebiýaty geljege ýetirmek – ygtybarly geljegiň kepilidir
Ahyrky sözi ýene-de Ekber Koşala bereliň. Onuň nygtamagyna görä, Türki dünýäsiniň edebiýatyny göz öňüne getirmek – häzirki döwri aňlamak, geljegi gurmak diýmekdir.
"Edebi agzybirlik – diňe bir şygryýet nostalgiýasy (ýakymly ýatlamalar bilen bilelikde geçmişe bolan höwes duýgusy) däl, eýsem medeni strategiýa, şahsyýet syýasaty we global dünýäde görnüklilik islegidir."
Şu baglanyşykda ýaş nesle näme maslahat berilýär? diýen soraga Ekber Koşaly şeýle jogap berdi:
Umumy edebiýat okuw kitaplary meselesine üns berilmeli. Ýagny, Türki dünýäsiniň umumy şygryýet kartasyny hödürleýän okuw kitaplary we bir bitewi okuw maksatnamasy taýýarlanmaly;
Edebi terjime institutlary – her bir Türki döwletinde hereket etjek we beýleki türki dillerine terjime işlerini ulgama saljak edaralar döredilmeli;
"Türki dünýäsiniň edebi antologiýasy" – taryhy we häzirki zaman ýazyjylary öz içine alýan köp dilli neşirler seriýasyny taýýarlanmaly;
Ahyrsoňunda, edebi festiwallar we sergiler – “Türki edebiýaty hepdeligi” ýaly umumy taslamalar yzygiderli geçirilmelidir.
"Şu ýol bilen ýazyjylaryň, medeniýet öwrenijileriň, terjimeçileriň we okyjylaryň umumy ruhy tagallasy – Türki edebiýatyny täze bir tapgyra göterjekdigine ynanýaryn."
Jawit Şahberdiýew