Iň täze habarlar

ABŞ-da Stiw Jobsyň hormatyna ýadygärlik şaýy pullary çykarylar

20.10.2025 | 11:15 |
 ABŞ-da Stiw Jobsyň hormatyna ýadygärlik şaýy pullary çykarylar

Apple kompaniýasynyň esaslandyryjysy we tehnologiýalar taryhyndaky iň täsirli innowatorlaryň biri bolan Stiw Jobsyň hormatyna ABŞ-da 2026-njy ýylda 1 dollarlyk ýadygärlik şaýy pullary çykarylar. Bu çözgüt onuň 2011-nji ýylda aradan çykanyna 15 ýyl dolandan soň kabul edildi.

Şaýy puly jemgyýetiň ösmegine uly goşant goşan şahslara we wakalara bagyşlanan ýyllyk maksatnamanyň çäklerinde ABŞ-nyň Şaýy puly kärhanasy tarapyndan taýýarlanar. Onda Kaliforniýa jülgesinde oturan ýaş Stiw Jobsyň şekili ýerleşdiriler — şol ştatda ol dünýä inip, Apple kompaniýasyny esaslandyryp, öz ömrüni geçirdi.

Ýadygärlik şaýy pullarynyň çykarylyş maksatnamasy 2018-nji ýyldan bäri hereket edýär. 2026-njy ýylda Stiw Jobs bilen birlikde şeýle hormata mynasyp bolanlar — däne ekinleriniň hasyllylygyny ýokarlandyrmak usullaryny işläp taýýarlan alym Norman Borloug hem-de Cray-1 superkompýuteriniň döredijiler topary bolar.

Stiw Jobs 1976-njy ýylda Stiw Woznýak we Ronald Ueýn bilen bilelikde Apple kompaniýasyny esaslandyrdy. Onuň ýolbaşçylygynda dünýäde uly täsir döreden iPhone, iPad we Mac ýaly enjamlaryň peýda bolmagy, şahsy tehnologiýalar barada düşünjäni düýpgöter üýtgetdi we sanly senagatyň ösmegine dünýä derejesinde täsir etdi.

Foto: gsmarena.com

Şeýle hem okaň: