Döwletjan Ýagşymyradow Dubaýda Kori Anderson bilen duşuşar
16.08.2025 | 14:15 |Birleşen Arap Emirliklerinde söweş sungatynyň täsin wakasy geçiriler – türkmen garyşyk söweş sungaty boýunça türgeni Döwletjan Ýagşymyradow amerikaly Kori Anderson bilen tutluşyk geçirer.
Tutluşyk 2025-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda Dubaý şäherinde guraljak PFL – Professional Fighting Championship ýaryşynyň çäginde bolar. PFL ýaryşy adatça bütin dünýäniň iň güýçli türgenlerini jemleýär we MMA muşdaklarynda uly gyzyklanma döredýär.
Iki at gazanan türgeniň duşuşygynyň agşamyň iň gyzykly tutluşyklarynyň biri bolmagyna garaşylýar.
ORIENT