Java: Näme üçin 30 ýyl mundan ozal döredilen dil häzirem şeýle meşhur
19.08.2025 | 09:00 |Java dünýäde iň meşhur we ygtybarly programmirleme dilleriniň biridir. Onuň eýýäm 30 ýyly dolsa-da, ol entegem iň islegli dilleriň ikinji ornunda durýar. Onuň esasy aýratynlygy — köpugurlylygydyr: Java dilinde ýazylan programmalar islendik enjamda diýen ýaly işläp bilýär.
Bu nähili işleýär
Java-nyň köpugurlylyk syry — Java Wirtual enjamydyr (JVM). Bu ýörite programma bolup, kody özünde gurlan islendik enjamda işledýär: Androidly smartfon, Windowsly kompýuter ýa-da başga ulgam. Şonuň üçin programmist programmany bir gezek ýazsa, ol islendik ýerde işläp biler.
Java-nyň beýleki möhüm aýratynlyklary:
• Çeýeligi: Java programmalar «kerpiçlerden» (obyektlerden) gurulýar, olary birnäçe gezek ulanyp bolýar.
• Köp wezipeliligi: Java bir wagtyň özünde birnäçe işi ýerine ýetirip bilýär, şonuň üçin ol çylşyrymly hyzmatlary we programmalary döretmek üçin iň amatlydyr.
• Awtomatiki arassalaýjy: Java ýatda galan gereksiz zatlary özi tapyp, ýok edýär. Bu programmistiň işini ýeňilleşdirýär.
• Taýýar çözgütler kitaphanasy: Java-nyň taýýar uly gurallary toplumy bar, olar çylşyrymly programmany tiz we aňsat döretmäge mümkinçilik berýär.
Java haýsy ugurlarda ulanylýar
Ýgtybarlylygy we köpugurlylygy sebäpli Java dürli ugurlarda giňden ulanylýar:
• Android programmalary: Meşhur mobil programmalaryň köpüsi Java-da döredilen.
• Korporatiw ulgamlar: Banklar we iri kompaniýalar ony ygtybarly we durnukly platformalary döretmek üçin ulanýarlar.
• Uly maglumatlary işlemek: Java örän köp maglumat bilen işlemek üçin amatlydyr.
• Web hyzmatlary: Çylşyrymly web programmalary döretmekde ulanylýar.
• Beýleki ugurlar: Java hatda oýun senagatynda (meselem, Minecraft oýny) we önümçilik ulgamlarynda-da ulanylýar.
Artykmaçlyklary we kemçilikleri
Islendik dilde bolşy ýaly Java-nyň hem öz artykmaçlyklary we kemçilikleri bar.
Artykmaçlyklary:
• Ýokary howpsuzlyk we durnuklylyk.
• Öwrenmek üçin aňsat sintaksis.
• Platformadan garaşsyzlyk we köpugurlylyk.
• Uly we işjeň işläp taýýarlaýjylar jemgyýeti.
Kemçilikleri:
• Ýerine ýetiriş tizligi C++ ýaly dillere garanyňda pes bolup biler.
• Wirtual enjam arkaly işleýänligi sebäpli ýady has köp ulanýar.
Bu kemçiliklere garamazdan, Java başlanýanlar üçin hem iň gowy saýlawlaryň biridir, sebäbi ony öwrenmek IT-niň dürli ugurlaryna ýol açýar.
ORIENT