Aşgabatda robototehnika boýunça ýaryşlar geçirildi
19.08.2025 | 10:00 |Aşgabatda bütin Türkmenistandan 60-a golaý ýaş inženerleri ýygnan ýaryşlar geçirildi.
Çäräniň geçirilýän ýeri hökmünde meýdança bolup Aşgabatdaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 13-nji orta mekdebi saýlandy. Gatnaşyjylar suwda dürli ýumuşlary ýerine ýetirip bilýän robotlaşdyrylan gaýyklaryň taslamalaryny hödürlediler. Ýaryşlar Aşgabat şäheriniň Baş bilim müdirligi we "Döwrebap Maslahat" hususy kärhanasy tarapyndan guraldy.
Bäsleşik “tizlikli hereket geçirmek” we “toplary topar bolup ýygnmak” ýaly iki ugurda geçirildi. Ýaryşlaryň netijeleri boýunça iň gowy gatnaşyjylar saýlandy.
Ýaryşlaryň ýeňijileri:
1) “Tizlikli hereket geçirmek” ugrunda:
1-nji ýer: Ýasin Rahmanow (Aşgabatdaky ýöriteleşdirilen 87-nji orta mekdebiniň okuwçysy).
2-nji we 3-nji ýerler: Orazmuhammet Merdanow we Said Annaýew (Iňlis dilini, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyrylyp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekebiniň okuwçylary).
2) “Toplary topar bolup ýygnmak” ugrunda:
1-nji ýer: Türkmen-hindi maglumat tehnologiýalary merkeziniň topary. Düzümi: Arslanhan Toýjanow, Sergeý Apresýan (Aşgabatdaky umumybilim berýän 15-nji mekdebi) we Alihan Akgaýew (A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus orta mekdebi).
2-nji ýer: “Kämil bilim” bilim merkeziniň topary (Balkanabat ş.). Düzümi: Eldar Hajylyýew we Taňryberdi Gurbanow (Balkanabat şäherindäki tebigy ylymlary çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 21-nji orta mekdebi) hem-de Gajyly Hajylyýew (Balkanabat şäherindäki Iňlis dili, fizika we matematika derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 22-nji orta mekdebi).
3-nji ýer: Türkmen-hindi maglumat tehnologiýalary merkeziniň topary. Düzümi: Aýhan Garýagdyýew (Aşgabatdaky umumybilim berýän 15-nji mekdebi), Yhlas Nurmuhammedow (Iňlis dilini, himiýa we biologiýa derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 86-njy orta mekebi) hem-de Ýusup Geldiýew (Aşgabat şäherindäki iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 135-nji orta mekdebi).
Ýaryşlaryň baş emini Ysmaýyl Hekimow bu bäsleşigiň tejribe alyşmak we ussatlygy görkezmek üçin möhüm meýdança bolandygyny belledi. Ýeňijiler gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandy. Munuň özi ýaşlaryň ýokary tehnologiýalar babatda ösüşi üçin goşmaça itergi bolar.
ORIENT