Aşgabatda Günorta Koreýa ilçisiniň Kubogy ugrunda taekwondo ýaryşlary geçirildi
19.08.2025 | 17:00 |Aşgabatda 16-17-nji awgust aralygynda Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisiniň Kubogy ugrunda ýaryşlar geçirildi. Iki günlük bu ýaryşlar ýurdumyzyň paýtagtyndan we ähli welaýatlaryndan gelen 7-18 ýaş aralygyndaky 250-den gowrak ýaş türgenleri ýygnady.
2010-njy ýyldan bäri geçirilýän bu ýaryşlar Türkmenistanda taekwondo sportyny ösdürmek üçin möhüm çäre bolup durýar. Gatnaşyjylary garşylap, Koreýa ilçihanasynyň wekilhanasynyň başlygynyň orunbasary jenap Kim Jun Çhol bu söweş sungatynyň görnüşiniň diňe ýeňmek däl, eýsem türgenlerde ýokary ruhy terbiýelemek, özara hormat goýmak, edeplilik we sabyr-takatlylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemekde ähmiýetli bolup durýandygyny belledi.
Çäre diňe bir gyzykly tutluşyklary däl, eýsem baý mazmunly medeni maksatnamasyny öz içine aldy. Ýaryşlar tejribe alyşmak üçin meýdança öwrülip, türgenler we olaryň tälimçileri üçin hünärini ýokarlandyrmakda möhüm tapgyr boldy.
ORIENT