Hazarüsti halkara ulag ugry — TIF-2025 forumynyň strategik ünsi
23.08.2025 | 03:45 |2025-nji ýylyň 18–19-njy sentýabrynda geçiriljek Türkmenistanyň Halkara Maýa goýum forumy — TIF-2025 çäginde, Merkezi Aziýa ýurtlaryny Ýewropa bilen baglanyşdyrýan möhüm logistika koridorlarynyň biri bolan Hazarüsti Halkara Ulag Ugrunyň (HHUU) ösdürilmegine we giňeldilmegine aýratyn üns berler.
HHUU demirýol, deňiz we awtoulag gatnawlaryny birleşdirýän multimodal marşrut bolup, Hazar deňzi arkaly Aziýa bilen Ýewropanyň arasynda netijeli we çalt ulag aragatnaşygyny üpjün edýär. Türkmenistan bu ugurda merkezi orny eýeleýär, Türkmenbaşy portunyň mümkinçiliklerini işjeň ösdürýär, infrastruktura kämilleşdirilýär we söwdadaky kadalaşdyryjy hem-de amaly päsgelçilikleri aradan aýyrýar, bu bolsa tranzit mümkinçilikleriniň artmagyna ýardam berýär.
TIF-2025 forumynda döwlet edaralarynyň, halkara maliýe guramalarynyň we birleşikleriniň, şeýle hem hususy sektoryň wekilleri ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, logistika ulgamyna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak we durnukly üpjünçilik zynjyrlaryny ösdürmek boýunça maýa goýum we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar.
Hazarüsti halkara ulag ugrunyň ösdürilmegi işewür gatnaşyklary we ynamy pugtalandyrmaga, sebit integrasiýasyny çuňlaşdyrmaga, ykdysady ösüşi höweslendirmäge hem-de halkara maýa goýujylar üçin täze mümkinçilikleri açmaga hyzmat edýär.
TIF-2025-e gatnaşmak we goşmaça maglumat almak üçin resmi web sahypany ziyaret ediň: www.tif-turkmenistan.com
Habarlaşmak üçin telefon: +993 (71) 87-18-14
E-poçta: contact@turkmencongress.com