Iň täze habarlar

«Türkmengaz» döwlet konserni enjamlary we elektrik tehnikasyny satyn almak boýunça açyk bäsleşik yglan edýär

22.10.2025 | 12:00 |
 «Türkmengaz» döwlet konserni enjamlary we elektrik tehnikasyny satyn almak boýunça açyk bäsleşik yglan edýär

«Türkmengaz» döwlet konserni 2025-nji ýylyň 21-nji oktýabryndan 2025-nji ýylyň 1-nji dekabryna çenli konserniň zerurlyklary üçin maddy-tehniki serişdeleri satyn almak boýunça № T/GAZ-26 açyk bäsleşigi yglan edýär.

Bäsleşige diňe önüm öndürijileri bolan gatnaşyjylar (tender resminamalarynda görkezilen beýleki talaplara laýyk gelýän halatynda) gatnaşyp bilerler.

Lot № 2 – Kärhana üçin umumy enjamlar.

Lot № 3 – Elektrik tehniki önümleri.

Aşgabat ş., 1939, Arçabil şaýoly, 56, 13-nji gat, «Türkmengaz» DK salgy boýunça aşakdakylary ýerine ýetirmeli:

– bäsleşige gatnaşmaga isleg bildirýäniň doly ady, hukuk ýagdaýy, hasaba alnan ýurdy, bank rekwizitleri hakynda maglumatlary görkezmek bilen, ýazmaça görnüşde arza tabşyrmaly (ofşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bahk hasaby bolan kompaniýalardan arzalar kabul edilmeýär);

– "Döwlet zerurlyklary üçin harytlar bilen üpjün etmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça bäsleşikler hakynda" Türkmenistanyň Kanuny, "Bäsleşikleri geçirmekligiň düzgünlerinden" göçürme we bäsleşige gatnaşmak üçin gerekli resminamalar bilen tanyş bolmaly;

– lotlaryň häsiýetnamasyny, degişli tehniki talaplary we şertnamanyň esasy şertlerini almaly. Bäsleşige gatnaşmak üçin yzyna gaýtarmazlyk şerti bilen bir Lot üçin ABŞ-nyň 500 (bäş ýüz) dollary möçberinde ýa-da oňa ekwiwalent bahasyny manat görnüşinde (GBS-i we bank harajatlaryny hasaba almazdan) tölemek üçin hasap belgisini almaly.

Gerekli maglumaty şu salgylardan alyp bilersiňiz:

www.turkmengaz.gov.tm

www.oilgas.gov.tm

ýa-da ýokarda görkezilen salga ýüz tutup bilersiňiz.

Elektron poçta salgysy: info@turkmengaz.gov.tm

Habarlaşmak üçin telefonlar: 40-37-45 (faks), 40-37-39, 40-37-40, 40-37-41, 40-37-42.

Tender teklipleri ýerli wagt bilen 2025-nji ýylyň 1-nji dekabrynda sagat 15:00-a çenli kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär.

Pul serişdelerini geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza tabşyrylanda görkeziler.

Bildiriş neşir edilen pursatyndan başlap, bäsleşik üçin doly görnüşde teklip ýerleşdirilen (kotirowkaly), degişli möhür bilen kepillendirilen bukja ýokarda görkezilen salga ugradylyp, hasaba pul serişdeleri geçirilenden soň, seljerilip başlanar. Bukjada hökmany suratda anketanyň, şertnamanyň esasy häsiýetnamasynyň (Word görnüşde) elektron görnüşi we tehniki-ykdysady häsiýetnama (Excel görnüşde) bolmaly.

Elektron poçta salgylary: info@turkmengaz.gov.tm, odum@turkmengaz.gov.tm

«Türkmengaz» DK-nyň internet saýty: www.oilgas.gov.tm

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: