Iň täze habarlar

Hytaý alymlary Älem barlaglary üçin has takyk çip işläp taýýarladylar

22.10.2025 | 17:15 |
 Hytaý alymlary Älem barlaglary üçin has takyk çip işläp taýýarladylar

Hytaýyň Sinhua uniwersitetiniň alymlary Älem barlaglarynyň usullaryny üýtgedip biljek RAFAEL atly täze nesil spektral çip döretdiler.

RAFAEL çipi litiý niobat esasynda döredilip, Hytaýda «Ýuýhen» ady bilen tanalýar. Bu enjam adaty spektral enjamlarda ýüze çykýan esasy meseläni — takyklygyň we ýagtylyk geçirijiligiň arasynda bolup geçýän deňagramsyzlygy — üstünlikli çözdi. Çipiň duýujy datçigi ýokary takyklykda we geçirijilikde doly spektral maglumatlary ýygnamaga mümkinçilik berýär.

Barlag synaglarynda RAFAEL diňe bir ekspozisiýa döwründe takmynan 5600 ýyldyzyň spektrini ýazga aldy, bu bolsa häzirki wagtda ulanylýan iň kämil astronomik spektrometrleriň netijeliliginden ýüz esse ýokarydyr.

Sinhua uniwersitetiniň professory, taslamanyň awtorlarynyň biri Fan Lu täze çipiň kiçi göwrümli we güýçli gurluşynyň astrofizika hem-de materialy öwreniş ugurlarynda ylmy barlaglar üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny aýtdy.

Alymlaryň bellemegine görä, «Ýuýhen» ady Uly Ýedigen ýyldyzlar toparynyň bäşinji ýyldyzynyň adyndan gelip çykýar. Gadymy hytaý astronomlary ony asman hereketleriniň kalibrirlenmegi üçin ulanýardylar. Bu at takyklygyň we utgaşmagyň nyşany hökmünde saýlandy.

Foto: Sinhua

Şeýle hem okaň: