Gazagystan Türkmenistan bilen serhede çenli uzaýan ýoluň durkuny täzeleýär
23.08.2025 | 11:40 |Gazagystanyň Mangistau welaýatynda Žanaözen şäheri Türkmenistanyň serhedindäki «Temir baba» serhet geçelgesi bilen birleşdirýän halkara ýolunyň bir böleginiň durky täzelenýär. Abatlandyrylýan ýoluň umumy uzynlygy 164 kilometre barabar diýip, Lada.kz portaly habar berýär.
Maglumatlara görä, ýoluň 114 kilometri ortaça derejede abatlanar, öň asfalt düşelmedik galan 50 kilometrlik böleginde bolsa düýpli abatlaýyş işleri alnyp barylar. Ähli işleri gazak hünärmenleri ýerine ýetirýärler. Diňe şu ýylda 60 kilometrlik ýoluň tamamlanylmagy meýilleşdirilýär.
Munuň üçin 100 müň tonna töweregi asfalt düşeler. Taslama bellenen meýilnama boýunça amala aşyrylýar we 2026-njy ýylyň ahyryna çenli doly tamamlanmaly.
«Kazawtožol» Milli kompaniýasynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Darhan Imanaşewiň aýtmagyna görä, häzirki wagtda ýük ulaglary Žanaözen bilen Türkmenistanyň serhediniň aralygyny 5–8 sagadyň dowamynda geçýärler. Ýoluň durky täzelenenden soň, bu wagt 2,5 sagat çemesi bolar, bu bolsa üstaşyr daşamalaryň möçberiniň artmagyna mümkinçilik berer.
Mundan başga-da, täzelenen ýol Mangistaudaky syýahatçylyk ýerlerine, şol sanda Kenderli dynç alyş zolagyna barýança elýeterliligi gowulandyrar we sebitiň ulag-logistika kuwwatynyň ösüşine ýardam berer.