Türkmenistanyň Prezidentiniň Duşanbe sapary: MA-RF sammitine gatnaşmagy we Rahmon bilen duşuşygy
09.10.2025 | 22:20 |9-njy oktýabrda Prezident Serdar Berdimuhamedow Duşanbe şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Russiýa” ikinji sammitine gatnaşdy.
“Merkezi Aziýa – Russiýa” formatyndaky dialog berk taryhy, medeni we ykdysady gatnaşyklara esaslanýan strategiki sebitara hyzmatdaşlykdyr. Bu alty taraplaýyn format syýasat, ykdysadyýet, energetika, ulag, ylym-bilim we ynsanperwer ýaly ugurlaryň giň toplumyny öz içine alýar. Hemişelik oňyn Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasy strategiýany durmuşa geçirýän Türkmenistan bu formatda netijeli orun eýeleýär.
Duşenbede Türkmenistanyň Baştutany Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon bilen ikitaraplaýyn duşuşuk geçirdi.
Gepleşikleriň dowamynda döwlet Baştutanlary syýasy-diplomatik gatnaşyklarynyň önjeýli häsiýetini tassykladylar, Türkmenistanyň hem-de Täjigistanyň dünýä we sebit syýasatynyň esasy meseleleri boýunça garaýyşlarynyň köp babatda gabat gelýändigini ýa-da meňzeşdigini nygtadylar. Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasatyny, halkara başlangyçlaryny goldaýandygy şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň awtordaşy bolup çykyş etýändigi üçin täjik tarapyna minnetdarlyk bildirdi.
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Söhbetdeşler iki ýurduň bu ulgamdaky mümkinçiliklerini doly derejede peýdalanmak, özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, ykdysady gatnaşyklary diwersifikasiýalaşdyrmak üçin zerur çäreleri durmuşa geçirmegiň maksadalaýyk boljakdygyny bellediler. Şeýle hem ýakyn medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň giňeldilmegine şeýle hem ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýär.
Prezident Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Russiýa” ikinji sammitindäki çykyşynda belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa we Russiýa diňe bir giň geografik giňişligi emele getirmek bilen çäklenmän, eýsem, köpasyrlyk taryhy, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer gatnaşyklar bilen hem baglanyşandyr. Hut şeýle şertleriň jemi biziň hyzmatdaşlygymyzyň mümkinçiliklerini häzirki wagtda, şeýle hem uzak möhletleýin geljekde ugurlaryň giň gerimi boýunça ösdürmek üçin berk esas bolup durýar.
ORIENT