TIF-2025-iň netijeleri boýunça bilermenleriň dialogy: Merkezi Aziýanyň maýa goýum merkezine barýan ýol
12.10.2025 | 20:25 |Aşgabat, 12-nji oktýabr | ORIENT. Awazada geçirlen Türkmenistanyň maýa goýum forumyna (TIF-2025) dowam edýän halkara gyzyklanmasy ýurduň Ýewraziýanyň üýtgeýän geoykdysady arhitekturasynda täsirli oýunçy hökmünde ýüze çykandygyny tassyklady. Halkara hyzmatdaşlaryň seslenmesi şulary görkezýär: Forum diňe bir ara alyp maslahatlaşmak üçin meýdança bolman, eýsem Merkezi Aziýanyň integrirlenen maýa goýum merkezini döretmäge gönükdirilen sebitleýin hyzmatdaşlygyň täze formaty üçin başlangyç nokady boldy.
TIF-2025-iň strategiki netijelerini we giňeldilen hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşmak üçin Waşingtonyň öňdebaryjy bilermeni we TIF-2025-iň wekilleri bilen habarlaşdyk. Öz pikirlerini biziň bilen paýlaşdylar:
Doktor S. Frederik Starr – Merkezi Aziýa-Kawkaz institutyny (Central Asia-Caucasus Institute, CACI) esaslandyryjy we ýolbaşçysy, sebitiň etnografiýasy, taryhy we medeniýeti boýunça ykrar edilen bilermeni we ýigrimi kitabyň awtory. Şeýle hem, Amerikanyň Daşary syýasat geňeşiniň Ýewraziýa boýunça hormatly ylmy işgäri, Waşington şäherindäki Jon Hopkins uniwersitetiniň (SAIS) professory-ylmy barlagçysy we Stokgolmdaky Howpsuzlyk we ösüş syýasaty institutynyň maslahat beriş geňeşiniň başlygy.
Laura Linderman – Amerikanyň Daşary syýasat geňeşiniň (American Foreign Policy Council) ýanyndaky Merkezi Aziýa-Kawkaz institutynyň (Central Asia-Caucasus Institute, CACI) maksatnama direktory we uly ylmy işgäri. Onuň ylmy barlaglary Günorta Kawkazyň syýasatyna, ykdysadyýetine we daşary gatnaşyklaryna gönükdirilendir. Ol ABŞ-nyň Günorta Kawkazda, Merkezi Aziýada we Owganystanda strategiýasyny düzmäge ýardam edip, uly Merkezi Aziýa boýunça CACI-iň has giň sebitleýin başlangyçlaryna goşant goşýar.
CACI: Merkezi Aziýa bilen 30 ýyl töweregi ýola goýlan hyzmatdaşlyk
Biziň söhbetdeşligimiz, amerikalylar bilen Merkezi Aziýalylaryň arasynda özara düşünişmegi ösdürmek üçin onlarça ýyl bäri işleýän guramanyň ornuna düşünmekden başlaýar.
Doktor Starr, 1997-nji ýylda esaslandyran Merkezi Aziýa-Kawkaz institutynyň (CACI) Merkezi Ýewraziýanyň Türkiýeden Günbatar Hytaýa çenli uzap gidýän giňişligini seljermek zerurlygynyň gönüden-göni jogap bolandygyny tassyklaýar.
“CACI syýasatçylara, alymlara we sebitleýin öňdebaryjylara neşirlerimiz arkaly amaly maslahat berýär: iki hepdeden bir gezek neşir edilýän “CACI Analyst” we “Türkiye Analyst”, “Silk Road Papers”, kitaplar we monografiýalar şeýle hem biziň “Substack” maglumat beriji býulletenimiz. Şeýle hem biz, syýasy forumlaryny we bilermenleriň tegelek stollaryny gurnaýarys. Aýratyn-da üstünlikli başlangyçlaryň biri, Ramsfeld gaznasy bilen bilelikde hemaýatkärlik edilýän Ramsfeld maksatnamasydyr, bu sebitden onlarça ýaş ýolbaşçylara hyzmatdaşlygy ösdürmek, pikir alyşmak we ýolbaşçylyk ukyplaryny ösdürmek üçin ABŞ baryp görmäge mümkinçilik berdi” – diýip ol belledi.
Laura Linderman maksatnamanyň direktory hökmünde institutyň işine gözegçilik edýär, ylmy barlaglaryň netijeleriniň alyş-çalyş maksatnamalary bilen ylalaşygyny üpjün edýär.
“CACI-däki biziň işimiz, işimizi utgaşdyrmak, syýasaty öwrenmek we iň esasysy sebit ýolbaşçylary we syýasatçylar bilen hyzmatdaşlygy we gatnaşyklary ýola goýmak üçin mümkinçilikleri kesgitlemekden ybaratdyr” – diýip, ol düşündirýär. Ol uly ylmy işgäri we maksatnamanyň direktory hökmünde CACI-iň ähli işlerine gözegçilik edýär, Merkezi Aziýa we Kawkaz boýunça ylmy barlag işlerini alyp barýar we syýasy forumlaryny, bilermenleriň tegelek stollaryny we diplomatik çäreleri guraýar şeýle hem Merkezi Aziýanyň has giň meseleleriniň üstünde işleýär.
TIF 2025 netijeler: täze nesil energiýasy
TIF 2025, Türkmenistanyň açyklygyny görkezýän ähmiýetli waka boldy. Bilermenler, Forumy ýurduň daşary syýasatyna işjeň garaýandygyny görkezýän subutnama hökmünde görýärler. Doktor Starr, forumdaky wideo ýüzlenmesinde Türkmenistanyň sebit hyzmatdaşlygyndaky işjeň ornuny nygtamak üçin döredilen mümkinçilikden şatdygyny aýtdy.
“Öz çykyşymda Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň sebitleýin hyzmatdaşlygyndaky işjeň ornuna ünsi çekmek we Türkmenistanyň ýapyk garaýyşlary baradaky köne düşünjeleri ret etmek isledim.
Köp ýyllaryň dowamynda daşyndan Türkmenistanyň goşulmazlygyna ýapyklyk diýip hasapklanypdy, emma bu örän ýönekeý netije. Aslynda, Türkmenistan birnäçe möhüm ugurda işjeň hereket etdi – baha çökgünliginde Hytaýa gaz geçirijisini gurmak teklibinden BMG-niň üsti bilen sebiti ýadrosyz zolaga öwürmek üçin beýleki Merkezi Aziýa ýurtlarynyň öňdebaryjy tagallalaryna çenli.
Şeýle hem men, häzirki wagtda durmuşa geçirilmeli TOPH taslamasyny bilen bir hatarda ähli ugurlarda ulag meselelerini açyp görkezmäge synanyşdym. Mundan başga-da, ykdysady diwersifikasiýa we Türkmenistanyň ähli mümkinçiliklerini açmak üçin zerur şertler hökmünde adam maýasyna we bilime maýa goýmagyň, iňlis dilindäki okuwlary, terjime maksatnamalaryny we halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň möhümdigini belledim.
Prezident Serdar Berdimuhamedowyň jemgyýetini we meňzeşligi berkitmek bilen öz ýurduny dünýä tanatmak ugrundaky köp tagallalaryna minnetdarlyk bildirýärin” – Starr aýtdy.
Laura Linderman şeýle baglanyşyklaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine ünsi jemläp, TIF 2025-iň “adamlar bilen aragatnaşygy” gurmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredendigini belledi.
“Maňa esasanam ýaş türkmen hünärmenleri we alymlary bilen duşuşmak gyzykly boldy... Çuňňur özara düşünişmegi we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin şeýle baglanyşyklary ýola goýmak örän möhümdir.
Möhüm haýyr-sahawat işlerine işjeň gatnaşýan Oguljahan Atabaýewa ýaly zehinli ýolbaşçylar bizi örän ruhlandyrýar” – diýip Linderman belledi hem-de talyp hakly Ramsfeld ýaly CACI maksatnamalarynyň eýýäm türkmen ýaşlarynyň arasynda öz miwesini berýändigini aýtdy.
Merkezi Aziýanyň meňzeşligi: Integrasiýa boýunça strategiki mümkinçilikleri
Türkmenistanyň sebit integrasiýasyna gatnaşygynyň derejesi esasy meseleleriň biri bolmagynda galýar. CACI bilermenleri bu mesele boýunça öz pikirlerinde biragyzdan goldaýarlar. Doktor Starr, Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň çuňňur bir meňzeş taryhy we medeni subutnamalaryna salgylanýar.
“Meniň “Ýitirilen aň-bilim: Merkezi Aziýanyň Altyn asyry, Arap basybalyjylygyndan Teýmirleňe çenli” atly kitabym giň meşhurlyga eýe bolup biziň eramyzyň 800 nji ýylyndan 1200-nji ýyla çenli döwürdäki bolan wakalary görkezýär. Merkezi Aziýa söwda, ykdysady ösüş, şäher ösüşi we ilkinji nobatda köp ugurlarda bilimleriň ösmegi boýunça dünýäni öňdebaryjyly eýeläpdir, bu bolsa ony şol döwrüň intellektual merkezine öwürdir” – diýip, Starr belläp geçdi.
Ol mundan başga-da, Ibn Sina (Awisenna) we al-Biruni hakda “Öz döwrüniň uçursyz zehini” atly öz kitabyna mysal getirdi, ýagny olar esasy ýedi ýylyny häzirki Türkmenistanyň çäginde ýerleşýän Köneürgençde geçiripdirler. Bu taryhy baglanyşyk, Türkmenistanyň Merkezi Aziýanyň intellektual üstünlikleriniň altyn asyrynyň çuň köklerine şaýatlyk edýär. Bu kitaby türkmen diline terjime etmek zerurdyr diýip Starr hasaplaýar.
Bilermen, 2010-njy ýylda Aşgabatda açylan ajaýyp “Ylham” seýilgähini aýratyn belledi. Bu seýilgähde Merkezi Aziýanyň altyn asyrynyň ägirtleriniň – al-Horezmi, Ibn Sina, al-Biruni, al-Farabi, Omar Haýýam we soňraky asyrlaryň türkmen ýazyjylarynyň heýkelleri oturdylan.
Bu ölmez-ýitmez uçursyz hezinleriň köpüsi Merkezi Aziýanyň beýleki sebitlerinden gelip çykandyr, emma Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň ýa-da Täjigistanyň asylly ogullary türkmen halky tarapyndan ata-babalary we gahrymanlary ýaly hormatlanýar.
Bu, goşulyşmazlyk ýörelgelerine eýerýän Türkmenistanyň özüni tutuşlygyna Merkezi Aziýanyň aýrylmaz bölegi hasaplaýandygyny görkezýär şeýle hem ol sebitiň özboluşly medeni, intellektual we söwda mirasyny ösdürmegi maksat edinýär diýip, Starr sözüni jemledi.
Linderman taryhy mazmuny häzirki zaman syýasatyna öwürip, Awazadaky maýa goýum forumynyň Türkmenistanyň sebit hyzmatdaşlygy, energetika diplomatiýasy we adam maýasyny ösdürmekdäki ornuny ara alyp maslahatlaşmak üçin ajaýyp mümkinçilik döredendigini aýtdy.
“Merkezi Aizýa 2040” garaýyşy, institusionalizasiýa çagyrýan Döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy öwrümli pursady görkezýär. Hut şu ugurda hyzmatdaşlyk hökmany ýagdaýda ösdürilmelidir. Dostluk hakyndaky ylalaşyga gol çekilmegini görmek isleýärin, sebäbi bu, Türkmenistanyň bitarap ýurt hökmünde gymmatly derejsini saklamak bilen sebitleýin integrasiýa işine doly ygrarlydygyny görkezer” – diýip, Lidermen mälim etdi hem-de integrasiýa işlerini güýçlendirmek zerurlygy nygtady.
Geljek üçin meýilnamalar: Neşirlerden başlap alyş-çalyş maksatnamalaryna çenli
CACI gazanan üstünlikleri bilen çäklenip durmagy islemeýär we Türkmenistanda hyzmatdaşlyk üçin artýan mümkinçiligini görýär.
Laura Linderman institutyň anyk meýilnamalaryny beýan etdi: “Biz “CACI Analyst” neşirlerimizde Türkmenistandaky wakalary ginişleýin şöhlelendirmegi meýilleşdirýäris. Türkmenistanyň ykdysady diplomatiýasy we daşarky dünýä bilen ösdürilýän ykdysady gatnaşygyna bagyşlanan makalalary gözleýäris” – diýip ol aýtdy hem-de CACI-iň “Ramsfeld talyp hakly maksatnamasy we beýleki alyş-çalyş maksatnamalary arkaly zehinli ýaş türkmen öňdebaryjylaryny işjeň çekmegini dowam etdiriljekdigini belledi.
Bilermenler dialogy TIF-2025-iň diňe bir Türkmenistanyň ykdysady maksatlaryny görkezmän, eýsem sebitara integrasiýa ugrundaky möhüm ädim bolan bolandygyny tassyklady. S.Frederik Starr we Laura Linderman ynamly: Türkmenistanyň geljegi, tutuş sebit ýaly, iki esasy faktora bagly – bilim we halkara gatnaşyklary arkaly bitaraplygy we adam maýasyna uly göwrümli maýa goýumlaryny saklamak bilen Merkezi Aziýa formatlaryna işjeň gatnaşmagy.
Bilermenleriň pikirine görä, TIF-2025-iň üstünliginiň Forumyň Merkezi Aziýanyň maýa goýum merkezine öwrülmegi üçin berk binýady döredýändigine ynanýarlar, bu ýerde amatly geografiki ýerleşişi we medeni mirasy bilen Türkmenistan Uly Ýewraziýada esasy ykdysady we ynsanperwerlik işleriniň deňhukukly moderatory bolup biler.