Iň täze habarlar

Türkmen wekiliýeti Daşkentde geçirilen “Blue Peace Central Asia” okuw maslahatyna gatnaşdy

29.03.2025 | 10:40 |
 Türkmen wekiliýeti Daşkentde geçirilen “Blue Peace Central Asia” okuw maslahatyna gatnaşdy

28-nji martda Özbegistanyň Daşkent şäherinde Şweýsariýanyň Ilçihanasy tarapyndan Halkara Suw Dolandyryş Instituty (IWMI), Tebigaty Goramak Halkara Birleşigi (IUCN) we Merkezi Aziýanyň Sebit Ekologiýa Merkezi (CAREC) bilen bilelikde guramagynda “Blue Peace Central Asia” (BPCA) okuw maslahaty geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Bilim ministrligi habar berýär.

Okuw maslahatyna Merkezi Aziýa döwletleri bilen bir hatarda ýurdumyzdan Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komitetiniň, Ýer serişdeleri gullugynyň wekilleri, Türkmen oba hojalyk institutynyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynyň mugallymlary hem-de CAREC-iň Türkmenistandaky taslama ofisiniň direktory gatnaşdylar.

1

Maslahatyň dowamynda suw dolandyryşy bilen bagly meseleler, ekologiýa taýdan durnukly ösüş we sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmek ugrunda alnyp barylýan işler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahatyň dowamynda türkmen wekilleri ýurdumyzyň suw dolandyryş strategiýalary, suw diplomatiýasy we ekologiýa taýdan durnukly ösüş ugurlary bilen baglanyşykly pikir alyşdylar. Şeýle hem suw serişdeleriniň dolandyrylmagynda ylmy-barlag institutlarynyň we döwlet edaralarynyň gatnaşygyny güýçlendirmek meseleleri barada pikir alşyldy.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: