Ekologiýa abadançylygy boýunça halkara onlaýn ylmy-amaly maslahat geçirildi
31.03.2025 | 15:05 |Ýakynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynda “Parahatçylyk we Ynanyşmaklyk Dünýäde Ekologik Abadançylygy Gorap Saklamagyň Ygtybarly Binýadydyr” atly halkara onlaýn ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu maslahata dünýäniň dürli künjeklerinden professor-mugallymlar özleriniň alyp barýan ylmy işleri dogrusynda onlaýn ekrana birikmek arkaly çykyş etdiler. Şol bir wagtyň özünde bu çykyşlary ÝOM-de bilim alýan talyp ýaşlar ylmy konferensiýa arkaly synladylar.
Ylmy-amaly maslahat, tebigatyň baýlyklaryny we gözelligini aýawly saklamak hem-de artdyrmak, daşky gurşawy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, ekologik ugurly ykdysadyýeti, bäsdeşlige ukyply önümçiligi ösdürmegiň döwrebap nusgasyny döretmek barasynda birnäçe temalaryň üstünde durlup geçildi.
Şeýle-de maslahat öz işini birnäçe bölümçelerde özüniň işini üstünlikli dowam etdirdi. Olarda ýokary okuw jaýlarynyň professor-mugallymlary şeýle-de öňdebaryjy talyp ýaşlary tebigatymyzy aýawly saklamak ugrunda alyp barýan ylmy işleri dogrusynda çykyş etdiler.
ORIENT