Tehnologiýalar

Gyrgyzystanyň startapçylary Kremniý jülgesine baryp görmek mümkinçiligini alarlar
12.02.2025
|13:05
|279
Gyrgyzystanyň Ýokary Tehnologiýalar Parky “Dive into Silicon Valley” Maksatnamasyna arzalaryň kabul edişligini başlaýar diýip, “The Tech” internet neşiri habar berýär

Mary welaýatynyň muzeýinde QR-belgi ulgamy giriziler
11.02.2025
|11:45
|332
Mary welaýatynyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi QR-belgi ulgamyny girizmäge taýýarlanýar. Ol gelýän adamlara häzirki zaman tehnologiýalar arkaly sebitiň taryhy bilen has ýakyn tanyşmaga mümkinçilik berer. Bu barada “Нейтральный Туркменистан” gazetinde habar berilýär.

HiBreak Pro elektron syýa tehnologiýasynda işlenilen smartfon çykaryldy
11.02.2025
|10:55
|366
Bigme kompaniýasy HiBreak Pro täze smartfony bilen tanyşdyrdy. Ol elektron syýa tehnologýasynyň (E-Ink) ulanylmagy bilen adaty enjamlardan tapawutlanýar.

STEM-da aýallaryň we gyzlaryň orny baradaky webinara goşulyň
07.02.2025
|15:25
|301
Her ýyl 11-nji fewralda bellenilýän Ylymda aýallaryň we gyzlaryň Halkara gününe bagyşlap webinar geçiriler. Onda dürli ýurtlaryň inžener we alym-zenanlary özleriniň STEM-daky (Science, technology, engineering and mathematics — tebigy ylymlar, tehnologiýa, inženerçilik we matematika) ýoly barada gürrüň bererler. Çäre BMG-niň Ösüş Maksatnamasy we BMG-niň Çagalar gaznasy tarapyndan döredilen STEM4ALL platformasynyň guramagynda geçiriler.

2025-nji ýylda Google gözleg ulgamy EA-kömekçesine meňzeş bolar
06.02.2025
|12:58
|346
2025-nji ýylda Google möhüm üýtgetmeleri başdan geçirer. Kompaniýa ony EA-kömekçisine meňzetmekçi. Google-yň baş direktory Sundar Piçai emeli aňyň adamlaryň haýyşnama islegleriniň görnüşlerini giňeldýändigini göz öňünde tutup, 2025-nji ýylyň gözleg innowasiýalary üçin iň möhüm ýyllaryň biri boljakdygyny aýtdy.

Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti taslama bäsleşigini geçirýär
05.02.2025
|11:15
|1327
Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti ýurdumyzyň 35 ýaşa çenli ähli ýaş raýatlarynyň arasynda innowasion tehnologiýalaryň bäsleşigini yglan edýär.

Deep Research – onlaýn gözlegleriň çylşyrymly meselelerini awtomatlaşdyrmak üçin EA guraly
04.02.2025
|21:35
|217
Barlag geçirijiler, žurnalistler we işewür analitikler üçin zerur wagt we tagallalary ep-esli azaldyp biljek innowasion gural – Deep Research – OpenAI kompaniýasy tarapyndan hödürlenildi. Täze emeli aň (EA) agenti internetde maglumat gözlemek, ýygnamak we seljermek bilen baglanyşykly çylşyrymly meseleleri awtomatlaşdyrmak üçin döredildi. Hünärmenleriň pikiriçe, bu ulgam onlaýn gözleg prosesinde hakyky özgeriş döredip biler

OpenAI adam bilen kompýuteriň özara gatnaşygyny üýtgetjek emeli aň-gajetini döreder
04.02.2025
|15:10
|270
Sem Altmanyň ýolbaşçylygynda OpenAI kompaniýasy meşhur dizaýner Joni Aýw bilen hyzmatdaşlykda täze emeli aň-gajetini işläp taýýarlaýar. Ol ulanyjylaryň kompýuter bilen özara gatnaşygyny düýpgöter üýtgeder.

Hytaý kompaniýasy Gazagystanda robot önümçiligini ýola goýmakçy
04.02.2025
|09:55
|338
AgiBot hytaý kompaniýasy Gazagystanda adama meñzeşdirilen robotlaryñ önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýändigi barada habar berdi. Bu barada Gazagystanyñ Sanly ösüş, innowasiýalar we aerokosmiki senagaty ministrliginiñ metbugat gullugynyñ habaryndan belli boldy.

ÝB-de emeli aň boýunça täze düzgünler güýje girdi
03.02.2025
|15:40
|292
Ýewropa Bileleşiginde emeli aň (EA) bilen baglanyşykly täze düzgünler güýje girdi. Ýewropa Bileleşiginiň emeli aň hakyndaky Kanunyna (AI Act) görä, şu günden başlap, howpsuzlyga, saglyga ýa-da esasy hukuklara «kabul ederliksiz töwekgelçilik» döredýän EA ulgamlary gadagan edilýär