Iň täze habarlar

MABF: Türkmenistan sebitleýin hyzmatdaşlygynyň täze arhitekturasy baradaky özüniň garaýşyny hödürledi

14.08.2025 | 13:44 |
 MABF: Türkmenistan sebitleýin hyzmatdaşlygynyň täze arhitekturasy baradaky özüniň garaýşyny hödürledi

“Merkezi Aziýa — ynanyşmagyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň umumy giňişligi” — atly şygar bilen 14–15 awgustda Daşkentde Merkezi Aziýanyň bilermenleriniň VIII forumy (MABF) geçirilýär. Bu çäre Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Strategiki we sebitara barlaglar instituty (SSBI) tarapyndan gurnaldy we ol diňe bir sebitiň ýurtlaryndan däl, eýsem halkara guramalaryň wekillerini, analitikleri hem-de dürli ýurtlaryň diplomatlaryny bir ýere jemledi.

turkmenistan-videnie-sotrudnichestvo-tsaef (2).jpg

Forumy açyp, SSBI-niň direktory Eldor Aripow MABF-niň sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak üçin “täze pikirleriň döredilýän laboratoriýasyna” öwrülýändigini belledi. Onuň sözlerine görä, Merkezi Aziýa häzirki ählumumy durnuksyzlyk şertlerinde netijeli sebit hyzmatdaşlygynyň seýrek duş gelýän üstünlikli nusgalarynyň birine öwrüldi.

Forumyň “Täze Merkezi Aziýa: sebitleýin hyzmatdaşlygyň gurluşyny kämilleşdirmek” atly ilkinji sessiýasynyň çäginde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň bilermemi Bekdurdy Amansaryýew hasabat bilen çykyş etdi. Ol häzirki günde Merkezi Aziýa – bu ýöne bir geografik sebit däl-de, eýsem syýasy dialoglaryň, ykdysady integrasiýanyň we ynsanperwer ugurda ýakynlaşmagyň giňişligine öwrülýändigini nygtady.

turkmenistan-videnie-sotrudnichestvo-tsaef (1).jpg

Täze sebitleýin gün tertibinde Türkmenistanyň orny

Bilermeniň belleýşi ýaly, Merkezi Aziýa bäsdeşlik meýdançasy däl-de, hyzmatdaşlygyň nusgasy bolmaga çalyşýan dünýä syýasatynda işjeň we jogapkär oýunçy öwrülýär. Onuň sözlerine görä, häzirki wagtda sebitdäki ýurtlaryň arasynda “bäş goşmak bir” ýörelgesine, şeýle hem “bäş goşmaça daşyndan moderatorsyz” formatyna laýyklykda sebitleriň arasyndaky utgaşdyrylyşy güýçlendirmek ugrunda durnukly tendensiýa gözegçilik edilýär – bu bolsa Merkezi Aziýanyň ösýän subýektiwligini tassyklaýar. Hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanyp Türkmenistan öz tarapyndan hyzmatdaşlygyň oňyn gün tertibiniň başyny başlaýjy we işjeň gatnaşyjy hökmünde görýär.

Bekdurdy Amansaryýew Türkmenistanyň sebitiň ösüşine goşant goşýan esasy ugurlarynyň üstünde has giňişleýin durup geçdi:

turkmenistan-videnie-sotrudnichestvo-tsaef (3).jpg

Parahatçylyk we howpsuzlyk. Parahatçylyk we durnuklylyk ileri tutýan ugurlardyr. Türkmenistan ähli jedelli meseleleriň parahatçylykly, syýasy-diplomatik ýol bilen çözülmegini goldaýar. 2007-nji ýyldan bäri Aşgabatda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi hereket edýär. Bu merkez sebitde ynamy pugtalandyrmakda we çagyryşlara çalt seslenmekde möhüm baglanyşyk hökmünde çykyş edýär. Bilermeniň pikiriçe, sebitde howpsuzlyk daşary ýurt harby güýjüniň gatnaşmagy bilen däl-de, sebit ýurtlarynyň bilelikde hereket etmegi arkaly üpjün edilmelidir.

Ulag-logistika arabaglanşygy. Infrastrukturanyň ýakynlaşmagy integrasiýanyň esasydyr. Türkmenistan “Demirgazyk–Günorta” we “Gündogar–Günbatar” halkara ulag geçelgelerini işjeň ösdürýär. Hususan-da, ýyllyk kuwwatyny 10 million tonna çenli ýük geçirmäge ukyply bolup “Gazagystan–Türkmenistan–Eýran” demir ýol geçelgesi möhüm ähmiýete eýedir. Şeýle hem “Türkmenistan–Owganystan–Pakistan” demir ýol şahasynyň gurluşygy dowam etdirilýär. “Gündogar–Günbatar” geçelgesiniň çäginde “Hytaý–Gazagystan–Türkmenistan–Hazar deňzi–Ýewropa” demir ýol ugry işjeň ösdürilýär. Şeýle hem Hytaýdan Türkiýä konteýner gatnawlarynyň täze ugurlarynyň döredilmegi bu arabaglanşygy has-da pugtalandyrýar.

turkmenistan-videnie-sotrudnichestvo-tsaef (5).jpg

Energetiki hyzmatdaşlyk. Türkmenistan dünýäde tebigy gaz gorlary boýunça dördünji ýerde durýar diýip çykyş ediji belledi. Ýurt eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrýar, şol sanda TOPH gaz geçirijisiniň taslamasyny amala aşyrýar. 2024-nji ýylda gaz çykarylyşy 77,6 milliard kub metre, eksporty bolsa 40 milliard kub metre ýetdi. Esasy eksport ugurlary: Hytaý, Russiýa we Eýran. Şeýle hem Azerbaýjana we Türkiýä swap görnüşinde iberilýär. Bu energetiki mümkinçilik tutuş sebitde durnuklylygyň binýady bolup hyzmat edýär.

Suw we ekologiýa meselesi. Türkmenistan suw serişdelerine jogapkärçilikli çemeleşmek ugrunda çykyş edýär we halkara hukuk kadalaryna esaslanýan sebitleýin suw strategiýasyny işläp düzmegi teklip edýär. Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň çäginde ýurt 2030-njy ýyla çenli Merkezi Aziýa üçin ekologiýa maksatnamasyny öňe sürdi, onuň çäginde çölleşmä garşy göreş meselesine üns berilýär.

Ynsanperwer hyzmatdaşlyk. Medeniýet, ylym we bilim pudagyndaky özara gatnaşyklar – bu uzak möhletli hyzmatdaşlygyň “ýumşak sütünidir”. 2023-nji ýylda ýokary okuw mekdepleriniň arasynda 60-dan gowrak täze hyzmatdaşlyk ylalaşyklary baglaşyldy. Bu bolsa gatnaşyklaryň işjeň ösüşini görkezýär. Türkmenistan akademiki alyş-çalyş maksatnamalaryny giňeltmegi we bilelikdäki ylmy-barlag merkezlerini döretmegi teklip edýär.

turkmenistan-videnie-sotrudnichestvo-tsaef (4).jpg

Hasabatynyň ahyrynda Bekdurdy Amansaryýew Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy bu işlerde çetde durmagy aňlatmaýandygyny, eýsem parahatçylyk döredijilik başlangyçlary üçin meýdança bolup hyzmat edýändigini belledi. Ýurt Merkezi Aziýanyň doganlyk ýurtlary bilen gatnaşyklary mundan beýläk hem pugtalandyrmaga, dialogy ösdürmäge we adalatly, durnukly sebitleýin integrasiýanyň täze nusgasyny döretmäge goşant goşmaga taýýardygyny tassyklaýar.

ORIENT

Foto: orient.tm

Şeýle hem okaň: