Iň täze habarlar

Google DeepMind we OpenAI tarapyndan döredilen AI 2025-nji ýylyň Halkara Matematika Olimpiadasynda altyn medala eýe boldy

23.07.2025 | 13:00 |
 Google DeepMind we OpenAI tarapyndan döredilen AI 2025-nji ýylyň Halkara Matematika Olimpiadasynda altyn medala eýe boldy

Google kompaniýasynyň Gemini DeepThink atly emeli aň ulgamynyň 2025-nji ýylyň abraýly Halkara Matematika Olimpiadasynda (IMO) “altyn” derejesine ýetmegi bilen, üstünlik gazanan ulgamlaryň hataryna goşuldy. Bu model örän ýokary netijeleri görkezdi: 6 meseleden 5-si çözülip, umumy 42 baldan 35 bal toplandy. Emeli aň arkaly alnan çözgütler bilen şu salgydan tanyşyp bilersiňiz.

OpenAI-nyň synag derejesindäki modeli IMO 2025 meseleleriniň çözgütlerine degişli giňişleýin maglumatlary heniz belli etmese-de, Gemini DeepThink bu olimpiada “çagyrylan myhman” hökmünde gatnaşdy. IMO 2025 Olimpiadasynyň guramaçylary Google tarapyndan hödürlenen çözgütleri resmi taýdan barladylar we olaryň aýdyňlygyna, takyklygyna hem-de düşnükliligine ýokary baha berdiler. Şol bir wagtda bolsa, Google-nyň modeliniň infrastrukturasynyň garaşsyz barlagdan geçmändigi bellärliklidir.

Bu iki emeli aň modeliniň elýeterlilik meýilnamalary hem biri-birinden tapawutly. OpenAI-nyň modeli heniz synag tapgyrynda bolup, birnäçe aýlap köpçülige elýeterli bolmaz, Google tarapyndan döredilen Gemini DeepThink bolsa eýýäm bar bolan Gemini 2.5 Pro platformasyna esaslanýar. Olimpiada taýýarlyk üçin döredijiler täze güýçlendirme arkaly öwreniş usulyny hem-de ýörite taýýarlanan matematiki meseleler toplumyny ulandylar. Google kompaniýasy Gemini DeepThink ulgamynyň ilkinji nobatda saýlanyp alnan matematikler toparyna synag üçin elýeterli ediljekdigini, soňra bolsa Gemini Ultra abunaçylary üçin hödürlenjekdigini habar berdi.

Emeli aňyň hasaplaýyş mümkinçiliklerinde gazanan üstünliklerine garamazdan, IMO 2025 Olimpiadasynyň hakyky ýeňijileri adamlar boldy. 112 ýurtdan gatnaşan 641 okuwçynyň arasynda bäş okuwçy ähli 6 meseläni çözmegi başaryp, iň ýokary 42 bal toplady. Bu ýagdaý matematik meseleleriň iň ýokary derejesindäki çözgütleriniň entek hem adamyň elinde galýandygyny görkezýär. Google DeepMind has çylşyrymly matematik meseleleri çözüp biljek emeli aň ulgamlaryny döretmäge tarap ösüşini dowam etdirýär.

ORIENT

Foto: deepmind.google

Şeýle hem okaň: