Iň täze habarlar

Sanly Bilim platformasy: bilim ulgamy üçin bitewi sanly meýdançasy

15.08.2025 | 14:35 |
 Sanly Bilim platformasy: bilim ulgamy üçin bitewi sanly meýdançasy

Türkmenistanda Bilim Ministrligi tarapyndan döredilen Sanly Bilim merkezleşdirilen sanly platformasy işjeň ulanylýar. Ol mekdep okuwçylary, talyplar we mugallymlar üçin "Bitewi penjire" ýörelgesi esasynda işläp, bilim serişdelerini we hyzmatlaryny birleşdirýär. Portalda hasaba durup, ulanyjylar okamak üçin ähli zerur bolan gurallara elýeterliligi alýarlar.

Platforma esasy hyzmatlarynyň birnäçesini öz içine alýar:

E-kitaphana — elektron kitaphanasy, bu ýerde türkmen awtorlarynyň kitap eserlerini, okuw kitaplaryny we hünär edebiýatyny tapyp bolýar.

Ukyply — taryhdan başlap daşary ýurt dillerine çenli dürli wideo we umumy sapaklary öz içine alýan serişde.

E-mekdep we E-bakja — mekdep we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň okuwçylarynyň we terbiýe alýan çagalaryň, ene-atalaryň we mugallymlaryň özara gatnaşygy üçin elektron gurşaw.

Sanly bilim — okuw sapaklarynyň, ýokary okuw mekdeplerinde hünär taýýarlygyň we okuwyň onlaýn-tölegleri üçin hyzmat.

"Sanly Bilim" platformasy Türkmenistanyň sanly bilim ulgamynyň ösüş konsepsiýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädim bolar. Onuň maksady bilim hyzmatlarynyň elýeterliligini ýokarlandyrmak we ýurdumyzyň intellektual mümkinçiliklerini sanly eýýamyň kynçylyklaryna taýýrlamakdyr.

ORIENT

Foto: education.gov.tm

Şeýle hem okaň: