Iň täze habarlar

PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd-de boş iş orny

11.04.2023 | 14:10
PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd-de boş iş orny

Wezipesi: zähmet gatnaşyklary boýunça kömekçi
Iş ýeri: Aşgabat şäheri

Hemme dalaşgärler aşakdakylar barada doly maglumat we goldaw resminamalaryny tabşyrmalydyrlar:
Bilimi: Orta bilim hakyndaky attestat ýa-da onuň ornyny tutýan resminama.
Iş tejribesi: Degişli ugurda 3 ýyl iş tejribesi.
Diller: Iňlis, türkmen we rus dillerinde suwara gepleşik we ýazuw endikleri.
Başarnyklar: MS Office programmalarynda işläp bilmek (MS Word, MS Excel)

Anketalary PETRONAS Charigali (Türkmenistan) Sdn Bhd-iň Aşgabatdaky edarasynda alyp bilersiňiz: Türkmenistan, Aşgabat şäheri, S.Türkmenbaşy şaýoly, 81 (B blok). Doldurylan anketalar «PCh(T)SB» kompaniýasyna 16.04.2023 çenli doly adyňyz bilen dalaşgärlik edýän wezipäňizi ýazyp tabşyrylmaly ýa-da recruitment.tm@petronas.com.my elektron salgysyna iberilmeli.
Söhbetdeşlige diňe talaplara iň gowy laýyk gelýän dalaşgärler çagyrylar.