Iň täze habarlar

Türkmenistan – “Ashgabat 2025” ýaryşynda rapid görnüşinde medallaryň sany boýunça öňde barýar

17.06.2025 | 23:40 |
 Türkmenistan – “Ashgabat 2025” ýaryşynda rapid görnüşinde medallaryň sany boýunça öňde barýar

17-nji iýunda Aşgabatda geçirilýän “Ashgabat 2025” atly halkara küşt ýaryşynyň rapid boýunça tapgyry tamamlandy. Bu tapgyr 11 ýurtdan 129 sany gatnaşyjyny bir ýere jemledi. Bäsleşik oglanlar we gyzlaryň arasynda üç ýaş derejesinde (8, 10 we 12 ýaşa çenli) geçirildi. Iki günüň dowamynda, 15 minut + 10 sekunt wagt gözegçiligi bilen şweýsar ulgamyna laýyklykda 9 tapgyr oýnaldy.

Rapid görnüşi boýunça ýaryşyň netijelerine laýyklykda, Türkmenistanyň milli ýygyndysy resmi däl toparlaryň sanawynda ynamly birinji ýeri eýeledi we 6 derejede 10 sany medal gazandy: 3 altyn, 4 kümüş, 3 bürünç.

1706-ashgabat-2025-rapid (6).jpg

Ikinji orunda Özbegistanyň topary barýar: 2 altyn we 2 kümüş.

Gazagystanyň topary öz mümkinçiliklerinden pes çykyş edýärler: 1 altyn we 1 kümüş.

Eýranyň we Täjigistanyň – häzirlikçe her birinde bir bürünç bar.

Şeýle hem Russiýa Federasiýasynyň, Gyrgyzystanyň we beýleki toparlar medallaryň sany boýunça netijelerini blitz görnüşinde gowulandyrmagy umyt edýärler.

-ashgabat-2025-rapid (3).jpg

👑 Haýran galdyryjy duýgulary döretýän ýeňişler

Küştçilerimiz 12 ýaşa ýetmedik gyzlaryň derejesinde iň köp baýraklara eýe boldyrlar, bu ýerde medallaryň ähli görnüşini türkmen küştçileri gazandylar. Bu derejede mümkin bolan 9 utukdan 8 utuk toplap, Daşoguzly Dilber Hupbyýewa ýeňiji boldy. Türkmenabatly Aýa Baýramowa ýarym utuk yzda galyp ikinji orny eýeledi, Aşgabadyň “Küşt Älemi” klubynyň adyndan çykyş etýän Nurana Söýünowa bolda üçinji orny eýeledi.

10 ýaşa çenli gyzlaryň toparynda Läle Wepaýewa (“Küşt Älemi”, Türkmenistan) ynamly birinji orny eýeledi. Onuň yzyndan Zarina Nematjonowa (Özbegistan) we Dünýa Ruslanowa (Türkmenabatyň 13-nji sport mekdebi) barýar.

8 ýaşa çenli oglanlaryň derejesinde Çaryhekim Çaryýew (“Küşt Älemi”, Türkmenistan) özbek küştçisi Saifuddin Erkinboýewden ýarym utuk üstün çykyp, birinji orny eýeledi. Üçünji orny Täjigistanly ýaş küştçi Murodali Saýfiýew 6 utuk bilen eýeledi.

8 ýaş çenli gyzlaryň arasynda Özbegistanly Zarina Larina 9 utukdan 8 utuk gazanyp ynamly altyn medala eýe boldy. Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndan bolan watandaşymyz Bägül Jumaýewa ondan bir utuk yzda galdy. Gazagystanly Amira Alemanowa 6 utuk bilen üçünji orny eýeledi. Bu derejede birinji orny eýelän Mary şäherinde Anna Çaryýewa öz güýjünden pes çykyş edip, goşmaça görkezijiler boýunça Alemanowadan asgyn gelip, 6 utuk bilen 4-nji orny eýeledi.

imgonline-com-ua-2to1-eaKDfvd1FL.jpg

10 ýaşa çenli oglanlaryň arasynda 8,5 utuk toplap birinji orny Maksat Öwlýägulyýew (13-nji sport mekdebi, Türkmenabat) we öz aralarynda deňme-deň oýnan Abdurahmon Radjabow (Özbegistan) paýlaşdy, ýöne özbek küştçisi goşmaça görkezijiler boýunça ýeňiji boldy. Ilkinji üçlügi 6 utuk bilen eýranly Saniýar Aşgar Hatir jemledi.

12 ýaşa çenli oglanlaryň derjesinde rapid boýunça Günbatar Aziýanyň häzirki çempiony Nurasyl Primbetow 8 utuk toplap ýeňiji boldy. Kümüş medala ýarym utuk yzda galan Türkmenistanyň çempiony Alyhan Batyrow (Mary şäheri, Türkmenistan), bürünç medala bolsa Osman Hemragulyýew (Aşgabat, Türkmenistan) mynysyp boldy.

-ashgabat-2025-rapid (7).jpg

🌍 Geografiýasy we guramaçylygy

Ýaryşa Wýetnamdan, Hindistandan, Eýrandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Malaýziýadan, Russiýadan, Täjigistandan, Tailanddan, Özbegistandan we Türkmenistandan küştçiler gatnaşýarlar. Halkara derejesindäki ýaryşyň guramaçylary bolup ýurduň Hökümetiniň goldawy bilen Türkmenistanyň Küşt federasiýasy we Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti çykyş edýär.

Bäsleşik Aşgabadyň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde geçirilýär. Bu mekdep 500 orunlyk bolup, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda bina edildi.

🏆 Indi näme?

Çarşenbe güni, 18-nji iýunda, gatnaşyjylar ýaryşyň ikinji tapgyrynda blitz görnüşleri boýunça ýene-de 6 medal toplumy ugrunda bäsleşerler. Oýunlar örän çalt görnüşde geçiriler: her göçüp üçin 3 minut + 2 sekunt berler.

-ashgabat-2025-rapid (4).jpg

💬 Pikirler

“Bu ýaryş ýaş küştçiler üçin hakyky baýramçylyk boldy. Ýokary derejede gurnalan, dartgynly oýunlar we ýatdan çykmajak dostluk we adalatly oýun atmosferasy – halkara ýaryşy hut we hökmän şular ýaly hem bolmalydyr” – diýip, Russiýa Federasiýasynyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy Aleksandr Şkurihin belledi.

DOM_5625.JPG

“Aşgabatdaky küşt ýaryşy üçin göz öňüne tutulan şertler infrastruktura, oýun zaly, sport guramaçylygynyň derejesi, eminlik, bije çekişligiň we oýunlaryň özüniň onlaýyn görkezilmegi ýokary halkara talaplaryna laýyk gelýär. Aşgabatdaky gurnalan bu baýramçylaga gatnaşmagy çagalar üçin örän şowly boldy. Siz has ýokary derejeli ýaryşlara şol sanda ýetginjekleriň arasyndaky we ýokary professional derejesinde resmi Aziýa we dünýä çempionatlaryna gatnaşmaga mynasypsyňyz” – diýip, Eýrandan “C” derejesinde ygtyýarly halkara emin Şerif Nataj Hadije şeýle hem bu ýaryşa eminlik etmek bilen meşgullanýanlar pikirlerini paýlaşdylar.

-ashgabat-2025-rapid (5).jpg

ORIENT

Foto: TKF

Şeýle hem okaň: