Iň täze habarlar

«Read it» kitap dükanynda ýazyjy bilen duşuşyk

20.04.2023 | 12:15
«Read it» kitap dükanynda ýazyjy bilen duşuşyk
«Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi (Ashgabat Mall), 0 gat, «Read it» kitap dükany

23-nji aprelde, ýekşenbe güni, «Read it» kitap dükanynda Türkmenistanly ýaş ýazyjy bilen duşuşyk geçiriler.

Bu çärä ýaňy-ýakynda Mark Swetlow lakamy bilen ilkinji kitabyny çykaran ýazyjy Merdan Nuryýew gatnaşar. Duşuşykda awtor «Hakykat» atly kitaby barada gürrüň berer, ondan bir parçany okap berer we çäräniň ahyrynda oňa sizi gyzyklandyrýan birnäçe sorag bermäge mümkinçilik bolar.

«Hakykat» - weýran ediji güýji bolan ýoluny ýitiren ýetginjek hakda fentezi žanrdaky kitapdyr. Kitabyň baş gahrymany başga bir hakykatda, birnäçe synaglardan geçip, öz soraglaryna jogap tapmaly we beýik paýhasyň eýesi bolmak üçin öz güýjüne erk edip bilmeli bolar.

Senesi: 23.04.2023 (Ýekşenbe)
Wagty: 17:00
Geçirilýän ýeri: «Aşgabat» söwda we dynç alyş merkezi (Ashgabat Mall), 0 gat, «Read it» kitap dükany

Giriş tölegsizdir.