Iň täze habarlar

Türkmen süýt önümlerini öndüriji kompaniýalar raýatlary peýniri halaýanlaryň Bütindünýä güni bilen gutlaýarlar

23.01.2023 | 16:33 |
 Türkmen süýt önümlerini öndüriji kompaniýalar raýatlary peýniri halaýanlaryň Bütindünýä güni bilen gutlaýarlar

20-nji ýanwarda peýniri halaýanlaryň Bütindünýä güni bellenip geçilýär, şol gün hemmelere taryhy 8 müň ýyldan geçýän bu ajaýyp süýt önümini ulanyp, nahar taýýarlamak maslahat berilýär. Häzirki wagtda dünýäde peýnirleriň 500-den gowrak görnüşi we 2 müňden gowrak sorty bar.

Türkmenistanda peýniriň öndürijiligi garaşsyzlygy alan ilkinji günlerimizden başlandy. Eger öň ony taýýarlamak bilen adaty daýhanlar meşgullanýan bolsalar, indi ýurduň iri süýt önümleri öndürýän kompaniýalary peýniri senagat möçberinde öndürýär.

ORIENT-iň okyjylary we Türkmenistanyň ähli raýatlary üçin öz gutlaglaryny ýurduň iri süýt önümleriniň öndürijisi bolan Elinkompaniýasy ugratdy:

«Elin kompaniýasy eýýäm 15 ýylyň dowamynda biziň ýurdumyzyň raýatlaryny süýt önümleri bilen begendirýär, bu pudakda ol öňdebaryjydyr. Biz ýurdumyzyň tekjelerini öz önümlerimiz bilen doldurmak strategiýasyna daýanýarys we süýt önümleri, gürrüňsiz, Türkmnistanyň ýaşaýjyarynyň azyk sebetini düzýän esasy önümleriň biri hasaplanýar.

Biziň öndürýän önümlerimiziň görnüşleri giň we jemi süýt önümleriniň 62 görnüşi bar, şol sanda peýnirleriň 8 görnüşi öndürilýär. Olar biziň ýurdumyzyň ähli welýatlarynda we Aşgabatda öndürilýär. Biz öz müşderilerimizi mundan beýläk hem ýokary hilli peýnirler bilen begendireris. Biz öz müşderilerimize minnetdarlyk bildirýäris we olary hem-de ORIENT-iň ähli okyjylaryny peýniri halaýanlaryň Bütindünýä güni bilen gutlaýarys! Üns bereniňiz üçin sag boluň!».

Paýtagtymyzdaky süýt önümlerini öndüriji Bal-Gaýmak hem yzda galmady:

«Bal Gaýmak, ýaş maksada okgunly kompaniýa bolmak bilen, Türkmenistandaky dürli süýt önümlerini halaýanlary önümiň öndürilýän nokadyndan ýokary hilli önümler bilen üpjün etmäge çalyşýar. Biz öz toplan tejribämizi ulanyp, türkmen sarp edijisiniň isleglerine daýanýarys.

Biziň kärhanamyzda öndürilýän peýnir ýurdumyzyň köp künjekleriniň raýatlary üçin söýgüli önüme öwrüldi. Biz paýtagtyň söwda nokatlaryna ugradylýan peýnirleriň we beýleki süýt önümleriniň ekologiki taýdan arassalygyna, howpsuzlygyna we elýeterliligine yzygiderli gözegçilik edýäris. Peýniri halaýanlaryň ählisine berk jan saglyk we gastronomiki keýpihoşlyk arzuw edýäris. ORIENT-iň ähli okyjylaryny, peýniri halaýanlary we satyn alyjylary peýniri halaýanlaryň Halkara güni bilen gutlaýarys!».

Peýniri halaýanlaryň Halkara güni bilen Garpamyk kompaniýasynyň kollektiwi hem gutlaýar:

«Garpamyk kompaniýasy Türkmenistanyň ähli ýaşaýjylaryny we ORIENT-iň okyjylaryny peýniri halaýanlaryň Halkara güni bilen gutlaýar we size jan saglygyny we işleriňizde üstünlikleri arzuw edýär!

Peýnir gadymy önümleriň biri bolup, immunitet we saglygy berkitmek üçin aýratyn gymmatlyga eýedir. “Garpamyk” mundan beýläk hem ekologiki taýdan arassa we täze çig maly ulanyp, müşderileriň biziň zähmetimiziň netijesi bolan önümlerimizi edinmegi üçin mundan beýläk hem işläris. Biz süýt önümleriniň howpsuzlygyna we ýaramlylygyna aýratyn üns berýäris. Biziň kompaniýamyzyň kollektiwi biziň peýnirlerimizi sarp edijilere ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirýär we mündan beläk-de gülläp ösüşi arzuw edýär».
Peýniriň iýmitlik gymmatlylygy gaty ýokarydyr: bu önüm beloklara, ýaglara, mineral maddalara baýlygy bilen tapawutlanýar, onda adam bedeni üçin peýdaly ýokumlaryň hemmesi diýen ýaly bardyr. Peýniriň dünýä belli görnüşleriniň biri hem gaty sortly parmezan peýniridir.

Türkmenistanda peýniri diňe bir sygyr süýdünden däl-de, düýe agaranyndan hem edipdirler. Häzir türkmen restoranlarynda we kafelerinde peýniriň Gauda sorty aýratyn meşhurlyga eýedir, öý bikeleri bolsa, adatça, ýaglylygy 45% bolan ereme peýniri, dürli görnüşli krem-peýnirleri, çedder sortunyň mermer peýnirini, “Daşkent” peýnirini ulanýarlar. Bu önümiň ortaça bahasy sortuna we öndürijä baglylykda 15 manat we ondan-da ýokarydyr. Şunda has gymmatlary – türkleriň peýniriniň aýratyn görnüşleridir.

Türkmenistadaky snek öndürijiler hem yza galmaýarlar we öz kakadylan çöreklerine, çipsilerine we mekgejöwen taýajyklaryna peýnir tagam beriji goşundylary goşýarlar.

Immunitetini ýokarlandyrmak isleýänlere, türgenlere we bedene agram düşmelere çydamak isleýänlere we agram alyp öýjüklerini dikeltmek isleýänlere peýniri sarp etmek maslahat berilýär. Zenanlar üçin peýnir saçlary we dyrnaklary dikeltmekde netijelidir. Ýöne gan basyşy ýokary bolanlara bu süýt önüminden saklanmak maslahat berilýär – peýnir gan basyşyňy ýokarlandyrýar.

Bu watany bolmadyk önümdir. Bütin dünýäde meşhur bolan peýnir ähli ýurtlarda we halklarda belli ber derejede öndürilipdir. Bu söwda nyşanly peýnirleri öndürýän şweýsar peýnir öndürijilerine we däp bolup gelýän gury peýniri – “gurt” öndürýän gyrgyz fermerlerine hem degişlidir – ählisiniň ýörelgesi bir bolupdyr: süýt we ferment (süýdemdirijeleriň aşgazanasty mäzinden öndürilýär).

Dünýäde peýniriň öndürijiligi artýar, bu bolsa önüme bolan islegiň ýokarydygyny görkezýär. “Ýewrostatyň” maglumatlaryna görä, diňe 2020-nji ýylda $202 milliýardlyk 25,3 mln tonna peýnir öndürilipdir. Ony öndürmek boýunça liderler ABŞ, Germaniýa we Fransiýadyr. Olaryň soňkusy ilatyň jan başyna düşýän sarp edilişde öňdeligi eýeleýär, bu ýurtda adam başyna her ýylda 20 kg peýnir sarp edilýär.

Şeýlelikde, aýdylanlardan ugur almak bilen, netijä gelýäris — peýnir peýdalydyr, ýöne hemmeler üçin däl; elýeterlidir, dürli-dürlüdir we meşhurdyr, diýmek — hem tagam taýdan, hem taryhy-medeni taýdan gymmatlydyr.

Arslan MAMEDOW

Foto: unsplash.com

Şeýle hem okaň: