Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana iş sapary bilen geldi
22.08.2025 | 12:30 |Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Türkmenistana iş sapary bilen geldi.
Türkmenbaşy şäheriniň howa menzilinde Özbegistanyň döwlet Baştutanyny Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew we beýleki resmi işgärler garşylady.
Şu gün Özbegistanyň Prezidenti "Azerbaýjan-Türkmenistan-Özbegistan" formatyndaky üçtaraplaýyn duşuşygyna gatnaşar hem-de ikitaraplaýyn gepleşikleri geçirer.
Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew hem iş sapary bilen Türkmenistana geldi.
ORIENT