Iň täze habarlar

Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Awazada gepleşik geçirdiler

22.08.2025 | 13:45 |
 Gurbanguly Berdimuhamedow we Şawkat Mirziýoýew Awazada gepleşik geçirdiler

Şu gün «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ikitaraplaýyn hem-de resmi wekiliýetleriň gatnaşmagynda gepleşikleri geçirildi. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Duşuşygyň açylyşynda Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidentine Serdar Berdimuhamedowyň adyndan tüýs ýürekden gutlagyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Öz gezeginde, Özbegistanyň Prezidenti ýurduň ýolbaşçylaryny hem-de türkmen halkyny şu aýyň başynda Awazada geçirilen BMG-niň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça 3-nji Maslahatynyň üstünlikli geçirilmegi bilen gutlady.

2

Gepleşikleriň dowamynda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi babatynda özbek-türkmen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk we strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da giňeltmek we berkitmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça ýokary ösüşi bellenildi.

Şu ýylyň başyndan bäri döwletleriň arasyndaky söwda dolanyşygy 700 million dollara barabar boldy. Fewral aýyndan bäri erkin söwda düzgünleri hereket edýär, paýtagtlarda söwda öýleri açyldy, senagat, energetika, ulag, oba hojalygy we suw hojalygy hem-de ykdysadyýetiň beýleki ugurlary boýunça bilelikdäki taslamalar amala aşyrylýar. «Şawat – Daşoguz» söwda zolagyny işe girizmäge taýýarlyk işleri tamamlanýar.

Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy ýokary derejede geçiriljek duşuşyklara taýýarlyk meselesini hem ara alyp maslahatlaşdylar, hökümetara toparlaryň we Işewür geňeşiniň medeni çäreleriň çäklerinde netijeli işiniň ähmiýetini nygtadylar. Şeýle hem, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň ýedinji Konsultatiw duşuşygynyň gün tertibi we «Azerbaýjan – Türkmenistan – Özbegistan» formatynda alnyp barylýan gepleşikleriň amaly ähmiýeti boýunça pikir alşyldy.

ORIENT

Foto: Özbegistanyň Prezidentiniň resmi metbugat gullugy

Şeýle hem okaň: