Emeli aň zähmet bazaryna howp salýar: IT hünärmenleriň arasynda işsizlik artýar
24.08.2025 | 17:10 |Nýu-Ýork Federal ätiýaçlyk bankynyň soňky barlagy howp döredýän tendensiýany ýüze çykardy: ABŞ-da ýaş IT hünärmenleriniň arasynda işsizlik derejesi 6% ýetdi. Bu beýleki ugurlardaky görkezijilerden iki esse ýokary bolup, emeli aňyň zähmet bazaryna barha güýçli täsir edýändigini görkezýär.
Derňewlere görä, ýagdaý aýratyn-da başlangyç programmistler üçin kyn. Olar bilen baglanyşykly işsizlik derejesi 7,5% ýetýär. Amazon we Meta ýaly iri IT kompaniýalary «junior» derejesindäki hünärmenleriň ýerine kod ýazmak üçin emeli aň kömekçilerini ulanmagy makul bilýärler. Bu bolsa uly deňagramsyzlyga sebäp bolýar, sebäbi tejribeli hünärmenlere bolan isleg tersine ýokarlanýar.
Google-yň ilkinji generatiw emeli aň toparynyň esaslandyryjysy Jad Tarifi gelejekde ýuristleriň we lukmanlaryň hem işden boşamak howpunyň bardygyny duýdurýar. Onuň pikirine görä, olaryň adaty taýýarlyk ulgamy awtomatizasiýa öňünde gowşakdyr. Tarifi ýaşlara has çäkli we aýratyn ugurlary – mysal üçin biologiýany – saýlamagy maslahat berýär, sebäbi bu ýerde emeli aňyň orny entek ýokary däl.
ORIENT