Iň täze habarlar

Awazadaky sammitiň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi we möhüm resminamalara gol çekildi

22.08.2025 | 20:40 |
 Awazadaky sammitiň jemleri boýunça Bilelikdäki Beýannama kabul edildi we möhüm resminamalara gol çekildi

Geçirilen gepleşikleriň jemleri boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow, Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Bilelikdäki Beýannamany kabul etdiler.

Liderleriň gatnaşmagynda ulag we logistika, gämi gurluşygy we raýat awiasiýasy ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnamalara, haryt-çig mal biržasy we beýleki ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga hem gol çekildi.

22082025-sammit-avaza-zayavlenie-dokumenty (2).jpg

Olaryň hatarynda Türkmenistanyň Demir ýol ulaglary ministrliginiň, Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Ulag ministrliginiň arasynda ulag-logistika hyzmatdaşlygy babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama; “Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Sanly ösüş we ulag ministrliginiň arasynda halkara howa gatnawyny mundan beýläk-de ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama bar.

1755861973_d42b6b723fd3b66785f21b5ae23740fb.jpg

Şeýle hem Arkadag şäheri (Türkmenistan) bilen Fizuli şäheriniň (Azerbaýjan Respublikasy) arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hakynda Teswirnama gol geçildi.

ORIENT

Foto: president.az

Şeýle hem okaň: