Türkmen halkynyň Milli Lideri Awazada Azerbaýjanyň Prezidenti bilen duşuşdy
22.08.2025 | 12:05 |Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň ýokary derejeli duşuşygyna gatnaşmak üçin iş sapary bilen ýurdumyza gelen Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew bilen duşuşygy geçirildi.
Ikitaraplaýyn we iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde duşuşygyň dowamynda türkmen-azerbaýjan gatnaşyklarynyň ulgamlaýyn we yzygider häsiýete eýe bolýandygy hem-de durnukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk derejesine çykýandygy bellenildi.
Köptaraply türkmen-azerbaýjan hyzmatdaşlyk meseleleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagynyň çäklerinde iki tarapyň hem döwletara dialogynyň mundan beýläk-de güýçli depginde ösdürmäge ygrarlydygy bellendi.
Iki ýurduň arasyndaky dialog hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýar.
ORIENT