Iň täze habarlar

Köşilini nädip tanamaly ýa-da goňşyçylygyň taryhy

23.01.2023 | 21:06 |
 Köşilini nädip tanamaly ýa-da goňşyçylygyň taryhy
 Köşilini nädip tanamaly ýa-da goňşyçylygyň taryhy
 Köşilini nädip tanamaly ýa-da goňşyçylygyň taryhy
 Köşilini nädip tanamaly ýa-da goňşyçylygyň taryhy
 Köşilini nädip tanamaly ýa-da goňşyçylygyň taryhy

Köşi Aşgabadyň uly bölekleriniň biridir, onuň özboluşly, gaýtalanmajak öwüşgini bar. Gurluşygyň köp gidýänligi sebäpli , “köne” Köşi kem-kemden häzirki zaman megapolisiň alamatlaryna eýe bolýar. Ýaşlar 20-30 ýyl mundan öň bu ilatly ýeriň Aşgabatdan ýeterlik uzakda bolup, paýtagta hiç hili baglanyşykly däldigini aýtsaň, geň galarlar.

Wagtyň geçmegi bien Köşi özüniň ajaýyplygyny ýitirmedi, eýsem aýratyn özüne çekiji merkez bolmak bilen, tutuş Aşgabadyň şäher medeniýetini artdyrdy. Ol Çoganly bien birlikde gutarnykly emele gelen goňşy etrap, öz taryhy, öz durmuşy bolan, ähli ýaşaýjylary biri-biri bilen ol ýa-da beýleki derejede bagly bolan ilatly etrap hasaplanýar. Ilatlaşmagyň tizleşmegi sebäpli, bu etrap paýtagtyň beýleki etraplaryndan kän tapawulanmaýar. Köşi diýmek näme? Ol nähili peýda boldy we nämeleri bilen ajaýyp?

Etrabyň taryhyndan başlalyň. Köşi, açyk çeşmeleriň köpüsiniň maglumatlaryna görä, bu ýerini oturymly ýaşaýyş üçin saýlap alan 84 sany maşgaladan ybarat oba bolupdyr. Bu ýeriniň halky ilki başdan agzybir bolupdyr, sebäbi “köşe” sözüniň özi haltadaky ýüpi berk çekip daňanyňda emele gelýän halkajygy aňladýar.

Obanyň esaslandyrylan senesi belli däl, eserleri dilden-dile geçip saklanan belli türkmen şahyry Mätäji şu obadan çykypdyr, ol 1822-nji ýylda hut şu ýerde dogulýar. Beýle diýildigi, bu obanyň hekaýasy paýtagtyňkydan köne we XVIII asyryň aýaklarynda XIX asyryň başlarynda dörän bolmagy mümkindir.

Gökdepe söweşinden soňra rus generallary Köşiniň bol hasylly ýerlerine üns beripdirler we ol ýerde bagy ekmegi karar edipdirler. Şeýlelikde, bu ýerde köpçülikleýin alma, üzüm we şetdaly ýetişdirip başlapdyrlar. Şol bir wagtda bu ýerde ýerli ýaşaýjylaryň söýgüli ýeri bolan Köşidäki ilkinji seýilbagynyň düýbi hem tutulypdyr. Bu 1890-njy ýyllarda bolupdyr.

Milli türkmen däpleri we dessurlary ruslaryň ýokarky gatlaklarynyň hojalygy ýöretmek täsiriniň netijesinde bu ýerde şol kesgitlemäniň – “köşili” kesgitlemesiniň ýüze çykmagyna getiripdir. Bu at öň “aşgabatly” düşünjesi bilen deňleşdirilmändir. Şol wagtlar paýtagtda eýýäm betondan ilkinji gatly beýik jaýlar gurlupdyr we intelligensiýa bolupdyr, emma goňşy oba şäheriň etegindäki üzümler we almalar ýetişdirilýän adaty oba bolmagyny dowam etdiripdir…

Ýöne wagt geçýärdi, Türkmenistan öz garaşsyzlygyny aldy we 2013-nji ýylda Aşgabady giňeltmek zerurlygy sebäpli, Köşi onuň bir bölegi boldy. Bu ýerde öňki bir gatly ýaşaýyş jaýlaryň ýerinde yzly-yzyna döwrebap hassahanalar, mekdepler, medeniýet öýleri we dynç alyş ýerleri gurlup başlandy. Üýtgedip gurmagyň bu prosesi şol “köşilileriň” derejesini üýtgetdi: indi olaryň infrastrukturasy Aşgabadyň beýleki etraplarynyň ýaşaýjylaryny biygtyýar özüne çekip başlady, bu bolsa Köşiniň Aşgabadyň hojalyk gurşaywyna ösüp girendigini aňladýar we onuň ähli ýaşaýjylary “aşgabatly” derejesine diňe bir pasporty bolany ýa-da dolandyryş çäkler üçin däl-de, dolulygyna dalaşgärlik edip bilýärler.

Öň oba bolup, soňra etraba öwrülen ýaşaýyş toplumy Aşgabada üstünlikli birikdirilenden soň, şäheriň beýleki etraplarynyň ýaşaýjylary indi bu etrabyň ýaşaýjysyny tanap bilýär. Köşilini nädip tanamalydgyny şu ajaýyp ýeriň bir ýaşaýjysy gürrüň berdi:

— Köşilini tanamak kynam däl: olar zähmetsöýer, mylakatly, köpçüligi halaýarlar, paýtagtyň başagaýlygy we işewürligi olaryň sadalygyny ýitirmedi. Käbirlerini sözleýşinden tanap bolýar – erkek kişileriň köpüsi tutuk sesde, pes äheňde gürleýärler. Şu hili gepleşik ululara hormat hökmünde döräpdir. Hatda “Köşi” sözüni aýdanyňda owadan tebigy görnüşler, şaşlyk, otlar, dürli ösümlikler aklyňa gelýär.

Şu hili alamatlar, elbetde Köşiniň her bir ýaşaýjysy üçin hökmany däldir. Sanalyp geçilen häsiýetler kem-kemden ýitýär ýa-da şäherdäki beýleki medeniýetleriň täsiri bilen baýlaşýar.

Täze diş merkezi, ak mermerden salnan ýaşaýyş jaýlary we saglygy goraýyşyň we ýaşaýyş jaýlarynyň täze desgalarynyň döremegi, bu ýerde Aşgabadyň demirgazyk-günbatar derwezesiniň emele gelmegine ýardam edýär, ol ýerden paýtagty Ahal welaýatynyň senagat etraplary bilen birikdirýän iri logistiki ýol çatryklary geçýär.

Arslan MÄMEDOW

Foto: ojar.asia, construction.gov.tm

Şeýle hem okaň: